ZEHINLERIŇ GÖZLEGINDE

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçirilen, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenler, meger bu sowalyň jogabyny tapan bolsalar gerek. Çykyşlaryň dowamynda türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň iň bir ussatlarynyň aýdymlary ýaňlandy. Dabarada Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Bäşim Ýolamanow gyjakda sazyny çalyp «Akja ýar», «Unutma», «Ýagşydyr», «Näzli ýar» ýaly halk aýdymlaryny aýdan bolsa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Rüstem Hallyýew «Galdy Arkaç, Aýnam how!», «Men saňa garaşýan!», «Yrakda durma» ýaly çeküwli aýdymlary aýdyp, diňleýjileriň sagbolsunlaryna mynasyp boldular. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň aýdymçysy Sähetmyrat Durdyýew «Balam», «Garagöz gelin», «Käkilik» deýin aýdymlary aýdyp diňleýjileriň sagbolsunlaryna mynasyp bolan bolsa, «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijisi Şamyrat Hojagulyýew «Habar ber!», «Ak ýüzli maralym» ýaly çeküwli aýdymlary ýerine ýetirip, diňleýjileriň göwnünden turmagy başardy. Hawa, eziz Diýarymyzda aýdym-saz sungatynyň iň kämil, halky, özboluşly ýerine ýetirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin uly işler durmuşa geçirildi. Bu geçirilen çäre hem şol uly işleriň dowamydyr, türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň kämillige sary äden ýene bir ädimidir.