ZAKI ZAÝNULLINIŇ “ALTY GELIN” ATLY SAHNA OÝNY

Tatar dramaturgy Zaki Zaýnulliniň “Alty gelin” atly sahna oýny Beýik Watançylyk urşy döwri barada ýazylan. Bu sahna oýny aldym-berdimli söweşiň yzynda galan zenan maşgalalaryň içki dünýäsini, duýgusyny açyp görkezýär. Awtor öz sahna eserinde zenanlaryň öz söýgüli ýarlary üçin dünýäniň ähli ýerine, gerek bolsa urşuň jümmüşine gitmäge-de taýýardyklaryny beýan edýär. Dramaturg tarapyndan gurnalan  professional dramaturgiýanyň elementi bolan  sahnanyň içinde goýlan sahnalarda zenanlaryň durmuşundan ýatlamalar waka içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär.

Sahna oýnuny režissýor A.Berdiýew sahnalaşdyrdy. Sahna oýnunyň bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, teatryň suratkeşi M.Annamyradow ýerine ýetirdi. Sahna oýnundaky keşplerde teatryň artistleri G.Hojamämmedowa, G.Meňliýewa, O.Durdyýewa, S.Täşliýewa, G.Annameňliýewa, T.Hydyrowa, A.Öwlýagulyýew, Ç.Annamyradow, D.Hanmämmedow, A.Sallandyýew, O.Bekiýewa we beýlekiler çykyş edýärler.