UNESKO-NYŇ BÜTÜNDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GOŞULAN TÜRKMENISTANYŇ TARYHY-MEDENI ÝADYGÄRLIKLERI

TARYHY – MEDENI ÝADYGÄRLIKLER

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek we dünýä ýaýmak barada amala aşyrylýan işler barha ýaýbaňlanýar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi we gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, dikeltmek, goramak hem-de ýurdymyzyň çäginde ýadygärlikleri öwrenmek, wagyz etmek boýunça geçirilýän işler döwlet derejesinde uly ähmiýete eýedir. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen taryhymyzyň, milli medeni gymmatlyklarymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine giň ýol açyldy. Halkymyzyň baý ruhy mirasyny gorap saklamak maksady bilen Türkmenistanda döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Bu goraghanalar açyk asmanyň astyndaky muzeýler diýsek hem dogry bolar. Ol ýerlere syýahatlary gurnamak, taryhy maglumatlary ýaş nesillere ýetirmek, olarda watansöýüjilik, öz geçmiş taryhyňa buýsanç we gyzyklanma duýgularyny döredýär. XIX-XX asyrda giň gerim alyp, Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynda birnäçe arheologiýa işleri geçirildi.

Şonuň ýaly gazuw agtaryş işleri Türkmenistanyň günbatarynda Hazar şäheriniň (öňki Çeleken) 50 kilometr golaýynda ýerleşýän Ogurjaly adasynda hem geçirildi. Arheologlar tarapyndan balyk tutmaklykda ulanylýan gurallaryň küýzeleriň birnäçe görnüşleriniň aýaga geýilýän çokaý-çaryklaryň tapylmagy, bu ýerde birnäçe ýyllaryň dowamynda gadymy halklaryň ýaşaýyş durmuşynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Taryhy maglumatlara görä, Ogurjaly adasynda türkmenler 400-500 ýyl mundan öň ýaşap başlapdyrlar. Käbir ýerlerde bu ada Aýdak adasy hem diýilýär. Ogurjaly adasyndaky türkmenler balyk tutmak, aw etmek hem-de, tebigy, baýlyklar bolan nebit, duz önümlerini goňşy döwletlere satmak, alyş-çalyş ýaly işler bilen meşgul bolupdyrlar. Ogurjaly adasynda ýaşuly adamlaryň aýtmagyna görä Annagylyç han atly baştutan bolupdyr.

Ogurjaly adasynda ýaşan türkmenler diňe bir balyk tutmak bilen çäklenmän meýdanyň otluk wagty çarwaçylyk kärleri  bilen meşgullanypdyrlar. Muňa Hazar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan Ogurjaly adasyndan tapylan muzeý gymmatlyklary hem şaýatlyk edýär. Aw etmeklik üçin ulanylýan gurallaryny ýasamak üçin ýörite ussahanalarynyň bolandygyny taryhy maglumatlar görkezýär. Bu ýerden tapylan küýze gap-gaç böleklerinde dürli şekilleriň saklanyp galandygyny bellemek bolýar. Şolaryň arasynda guş, balyk, at we düýe ýaly haýwanlaryň şekillerine-de duş gelmek bolýar. Guş, at we düýe adamlaryň ilkinji eldekileşdiren öý hojalygyna uýgunlaşdyran jandarydyr. Taryhy maglumatlara görä oguz kowumunyň oňony guşlar bolupdyr. Milli halylarymyzyň göllerinde guşlaryň şekillendirilmegi, ýöne ýerden däldir. Diýmek, Ogurjaly adasynda gadymy döwürlerde hem şekillendiriş sungatynyň şahasy hasaplanylýan keramika sungaty ösüpdir.

Emma geçmişde türkmen öýlerinde ulanylan zatlarynyň galyndylaryny Ogurjaly obasynyň köne ýurdynda häzirem görmek bolýar. Şeýlelikde, türkmenler Hazar şäheriniň köne oturymly ýerli ilatydyr. Olar parahatçylykly zähmet çekip, öz goňşulary bilen söwda edipdirler. Ýerasty baýlyklary çykarmak, deňizçilik, balykçylyk, awçylyk şol adanyň ilatynyň  güzeran görýän esasy kärleri bolupdyr.

“Mirasly il mizemez” diýlişi ýaly, Ogurjaly adasyndan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar. Türkmenistanyň baý özboluşly medeni mirasyny şöhlelendirýär we muzeýe gelýän adamlarda öz ýaşaýan ülkesiniň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik berýär.

 

GADYMY MERW

         Bütündünýä mirasy komitetiniň 1999-njy ýylda bolup geçen XXIII sessiýasynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň eteginde ýerleşýän Gadymy Merw ady bilen mälim bolan taryhy-medeni ýadygärlikler toplymy umumyadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Gadymy Merwiň bu abyraýly Sanawa goşulmagynda onuň iki sany möhüm aýratynlygy nazara alyndy.

Birinjidan, Merw oazisiniň gadymy we orta asyr şäherleri iň azyndan dört müň ýulyň dowamynda  Merkezi Aziýanyň medeniýetiniň ösmegine öz öňyn   täsirini ýetirip gelipdir. Ikinjiden, Merwiň entek bürünç asyry döwründe Murgap derýasynyň köne binasynyň aşak akymyndaky ýerlerde ýüze çykan we häzir Garagumyň çägeleriniň arasynda ýitip giden gadymy şäherlerinden başlap XV-XVIII asyryň galalaryna çenli döwirde biri-birini yzygiderli çalyşyp gelen şäherleriniň täsin ýerleşiş  ulgamy başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan özboluşlylyk bolup durýar.

Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan bu örän uly şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Merw Bagdat, Kair, hatda Damask ýaly yslam dünýäsiniň örän möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Beýik türkmen-seljuklaryň hökümdarlyk eden döwri bolan  XI–XII asyrlarda Merw özüniň gülläp ösen derejesine ýetipdir. Seljuklaryň imperiýasy Amyderýanyň aşak akymyndan tä Ortaýer deňzine çenli ummasyz giňişlikleri öz içine alypdyr. Beýik seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan döwründe Merw 640 gektar  meýdany eýeläp oturan, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolupdyr. Bu şäher Murgap derýasynyň şypaly suwy bilen gandyrylýan we bol hasyl berýän bereketli toprakda kemala gelipdir. XIII-nji asyrda Merwde üç ýyl ýaşan belli orta asyr geografy Ýakut bu şäher barada şeýle ýazgylary galdyrypdyr. “Eger mongollaryň çozuşy bolmadyk bolsa men ömrümiň ahyryna çenli şu şäherde ýaşardym. Bu ýerden aýrylyp gitmek maňa örän agyr düşdi’’. Merw yslam dünýäsiniň ähli künjeklerinde ýaşaýan alymlar, şahyrlar we söwdagärler üçin aýratyň özüne çekiji şäher bolupdyr. Emma, 1221-nji ýylda çozup gelen mongol leşgerleri tarapyndan Orta Aziýanyň ähli şäherleri, şol sanda Horasanyň şäherleriniň “enesi” hasaplanýan gözel Merw hem weýran edilipdir, yslam dünýäsiniň ylym hazynasynyň biri bolan Merwiň ajaýyp kitaphalary ýakylypdyr. Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soň Merwde durmuş dowam eden hem bolsa ol ozalky belentligine ýetip bilmändir.

Merw öz akym ugryny kem-kemden gündogardan günbatara üýtgedýän  Murgap derýasynyň akabasynyň boýunda ýerleşýän we onuň bilen baglanşykly bolan şäherler galalar ulgamyndan ybaratdyr.  Hut şoňa görä-de, Merwi “göçüp-gonýan”, ýa-da “akymy üýtgedýän derýanyň” şäheri hökmünde häsiýetlendirip bolýar. Derýanyň akaba hanasynyň ugrunyň üýtgetmegi bilen täze ýere göçülmegi sebäpli taşlanan şäherler gaýtadan ilatlaşmandygy sebäpli olaryň galyndysy geçmişiň dürli döwürlerini häsiýetlendirýän möhüm taryhy maglumatlaryň gymmatly “hazynasyna” öwrülip galypdyr. Antik döwürde “Margiana Antiohiýa” ady bilen günbatar ýurtlarynyň ýazuw çeşmelerinde mälim bolan häzirki Gäwurgala ondan ozalky döwürde şähr merkezi bolan häzirki Erkgalanyň  bir gapdalynda gurlupdyr. Beýik seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan orta asyr Merw şäheri bolsa-häzirki Soltangala-Gäwürgalanyň ýerinde oturman, ondan günbatardaky täze ýere göçürilipdir.

B.e.ö. VI asyrdan başlap welaýatyň merkezi şäheri we baş harby berkitmesi bolan Gäwürgala 400 gektar meýdany eýeläpdir. Orta asyr Merw şäheri –häzirki Soltangala-kemala gelip dolandyryş merkezi oňa geçenden soň  Gäwurgalany, we soňaky  döwüriň şäherleriniň galyndysy  bolan Awdyllahan galany hem-de Baýramalyhan galany öz içine almak bilen Merwiň meýdany 1000 gektara ýetipdir. Munuň özi orta asyrlarda yslam dünýäsinde iň uly şäherleriň biri diýmekdir. Merwiň çäkleri agzalan şäherleriň we galalaryň galyndylary bilen bir hatarda Soltan Sanjaryň kümmeti we beýleki ençeme arhitektura ýadygärliklerini  hem öz içine alýar. Şu taryhy-medeni miraslar toplumynyň diňe bir biziň ýurdýmyz däl, eýsem bütün dünýä üçin örän wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny nazara alyp Türkmenistanyň Hökümeti ony kanun esasynda döwlet goragyna aldy we häzir olar  “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň esasyny düzýär.

 

KÖNEÜRGENÇ

      Mongollardan öňki döwürde Gürgenç diýilip atlandyrylan Köneürgenç özüniň gülläp ösen döwründe (XI-XII as.) türkmenleriň Horezmşalar döwletiniň paýtagty bolupdyr. Ilkinji mongollaryň çozuşyna , soňra 1388-nji ýylda Samarkantly hökümdar emir Teýmiriň ýykgynçylygyna sezewar bolan bu şäheriň çäklerinde ajaýyp arhitektura ýadygärlikleriň ençemesi hamala diýersiň “gudrat” bilen goralan ýaly  abat saklanyp galypdyr. Olar 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň bütündünýä  mirasy –sanawyna girizildi. Köneürgenç barada toplanyp hödürlenen maglumatlaryň örän täsirli we ynandyryjy bolmagy bütündünýa mirasy Geňeşiniň  20 agzasynyň ählisiniň ikirjiňlenmän, bir agyzdan ses bermegine sebäp boldy. Şu ýatdan galyjy wakadan 20 ýyl ozal “Köneürgenç”  Döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredilipdi. Şondan bäri Köneürgenjiň  ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak, berkitmek, rejelemek boýunça yzygiderli işler alynyp  barylýar. Goraghananyň işgärleriniň öz güýçleri bilen, syýahatçylar tarapyndan ylaýta-da   köpçülikleýin barylyp görülýän , zyýarat edilýän aramgähler Nejim-et-din Kubra, Soltan Aly, Pirýaz Weli, Törebeg Hanym, horezmşalar  Tekeşiň hem-de Il Arsalanyň aramgähleri şonuň ýaly-da Seýit Ahmediň kümmeti, Gutlug Temuryň minarasy we Kerwensaraýyň derwezesi diýip atlandyrylýan ýadygärlikde berkidiş we rejeleýiş işleri geçirildi. Köneürgenjiň iň gadymy galasy bolan Kyrkmollanyň harabalary, minarasynyň  bir bölegi saklanyp galan  Al-Mamun juma metjidi berkidildi Ibn Najip medresesi dikeldildi.

Köneürgenjiň  arhitektura ýadygärliklerinde Merkezi Aziýanyň binagärlik sungatynyň ähli öwüşginlerini we usullaryny, yslam  binagärliginiň bezeg görnüşlerini görmek bolýar. Bu ýerde çig ýa-da bişen kerpiçden dikeldilen  gurluşyklarda,  köklerini gadymy çartaklardan  alyp gaýdýan ýönekeý, bir otagly üsti gümmezli binalarda, kä halat-da uzak ösüş taryhyny başdan geçiren, birnäçe gezek bejerilen we üýtgedilip gurulan, çykşyrymly düzümli ymaratlar-da bar. Olarda gurluşyk konstruksiýalarynyň  örän dürli-dürli görnüşlerini, gümmezleriniň seýrek düşýän nusgalaryny görmek bolýar. Köneürgenjiň ýadygärlikleri ymaratlaryň gümmeziniň iç ýüziniň daýanç esasynda ýelkenden “mukaznaş”  diýilip atlandyrylýan has çylşyrymly görnüşine çenli ösüş ýolyny aýdyň görkezýär. Bu usulyň ýerli ussalar tarapyndan ýokary kämillik derejesine ýetirilendigi hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Galyberse-de, bu şäheriň iň saýlama ýadygärlikleri bezeg sungatynyň ýokary derejesine eýe bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Olar byrsydyrgyn reňkli ýalpyldap duran syrçaly kerpiçjikleriň esasynda nusgawy orapmusulman sungatynyň iň kämil nusgalaryny özünde jemleýär. Reňkleriň sazlaşygyndan emele gelýän täsin öwüşginleri we geometrik nagyşlarynyň emele getirýän ajaýyp şekilleri bilen olar samarkandyň, şirazyň, Hyradyň, Isfahanyň, Hiwanyň döwürine degişli ajaýyp bezegli ýadygärlikleri bilen diňe bir bäsleşmän, eýsem olardan ýokarda durýar.

 

NUSAÝ PARFIÝA DÖWRÜNIŇ GALALARY

        Nusaý  5 asyryň dowamynda, ýagny b.e.ö. III-nji asyryň ortasynda b.e. III-nji asyryň birinji çärýeginiň ahyryna çenli ýaşan we gadymy dünýäniň iň kuwwatly döwleti hökmünde öňe çykan Parfiýa imperiýasynyň ilkinji merkezidir. Ol 2007-nji ýylda medeni Landşaft ugry boýunça bütündünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýlelikde, entek 1980-nji ýylda, Türkmenistanda ilkinji döredilen bu taryhy-medni goraghananyň işgärleriniň çeken köpýyllyk döredijilikli zähmeti halkara ykrarnamasyna eýe boldy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda goraghana ilkinji nobatda ýadygärligiň  töwereginiň ilki başky tebigy gözelligini we taryhy  ýadygärlikleri gorap saklamak ugrunda uly alada etdi. Ýokary halkara guramasynyň Nusaý galalaryny bütündünýä mirasy sanawyna goşmak baradaky kararynda şeýle sözler bar: “möhüm söwda we stratigrafik ýollaryň ugrunda ýerleşen Nusaýyň arheologik ýadygärlikleri öz döwründe Gadymy Rimiň Gündogara ýaýramagyna geçirip bolmajak böwet boldy”, sol bir wagtyň özünde gündogar bilen günbataryň  demirgazyk bilen günortanyň arasynda mshüm söwda merkezi bolup hyzmat eden Parfiýa Merkezi Aziýanyň we Ortaýerdeňizýaka dünýäsiniň medeniýetleriniňözara täsiriniň ýokary derejesini görkezýär.

Gürrüň biri-birinden 2 km aralykda ýerleşýän 2 sany gadymy gala barada gidýär. Olar şol gadymy döwürde örän uly we daşy mizemez  gala diwary bilen berkidilen Parfiýa imperiýasynyň möhüm merkezi bolan Mitridatkert şäheriniň galyndylary bolan Köne we Täze Nusaýdyr. Bu galalar üstünden 2 müň ýyl geçendigine garamazdan daşky çäginiň ilkibaşky görnüşini we ýerli medeniýet bilen gadymy Grek we gadymy Rim sungatynyň sazlaşygyndan emele gelen siwilizasiýanyň  yzlaryny öz  gatlaklarynda häzire çenli saklapdyrlar. Nusaýda gazuw barlag işleri indi 80 ýyl gowrak dowam edýär we  häzir bu ýerde  Türkmen, Rus, Italýan alymlary arheologik gazuw barlag işlerini alyp barýarlar. Şonuň bilen birlikde, üsti açylan gadymy desgalaryň diwarlarlarynyň galyndylaryny, ýüze çykarylan arheologik materiallary berkitmek, rejelemek işlerini amala aşyrýalar.

22 asyr mundan ozal Parfiýa döwletini esaslandyran  Ärşagyň we Beýik Parfiýa imperiýasyny döreden onuň nebereleriniň mukaddes galasy bolan Nusaý Türkmenistanyň  Paýtagty ak mermerli gözel Aşgabadyň çäginde ýerleşýär, we ol ýurdumyzyň syýahatçylyk desgalarynyň biri bolup durýar. Aşgabada gelýän köpsanly myhmanlar ilki bilen bu ajaýyp ýadygärligi gelip görýärler. Gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň deňtaýy bolmadyk ýadygärligi hökmünde Nusaý Merkezi Aziýa boýunça halkara syýahatçylyk ýol görkezijilerine katologlara girizilendir. Nusaýda tapylan pil süňkinden ýasalan, inçe sungatyň önümi bolan bahasyna ýetip bolmajak şabadalaryň  (ritonlaryň) toplumy, ellinçilik mekdebine eýerip mermerden ýonulyp ýasalan ajaýyň heýkeller, altyndan we kümüşden ýasalan täsin önümler bu gün Türkmenistanyň  muzeýleriniň tekjelerini bezeýär. Bu ajaýyp tapyndylaryň ýüze  çykarylan ýeri bolan Nusaýyň gadymy ybadathanalaryň  galyndylaryny galyndylaryny öwrenmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly arheologlaryň sany barada artýar. Parfiýanyň täsin ediji, we özüne çekiji güýje eýe bolmagy onuň bezeg däpleriniň ençeme nagyşlarynyň, binagärçilik ýörelgeleriniň asyrlardan- asyrlara aşyp, bu günki türkmen durmuşyna dowam etdirilmegine sebäp bolupdyr.  Ajaýyp şabadalaryň ýüze çykarylanyna bary-ýogy ýarym asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa olar biziň milli özboluşlylygymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen Türkmenistanyň gadymy medeniýetiniň hakyky nyşanyna öwrüldi.