ÝUNESKO-NYŇ EKSPERTLERINIŇ DUŞUŞYGY

2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çärelerdir toý-baýramlar yzygiderli geçirilip gelýär.

Şeýle çäreleriň hatarynda Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO-nyň ekspertleriniň gatnaşmaklygynda geçirilen «Ýüpek  ýolunyň ugrundaky milli sport görnüşleri we oýunlary» atly duşuşygy görkezmek bolar.

Duşuşygyň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň boýundaky ýurtlaryň däbe öwrülen oýunlarynyň we sport görnüşleriniň umumy atlasyny düzmekligi ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň wekilleri çykyşlarynyň dowamynda öz halklarynyň milli sport görnüşleri we oýunlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Birek-biregiň milli oýunlaryny deňeşdirmek, aýawly saklamak, dünýa ýaýmak baradaky pikirler maslahatdaky çykyşlaryň  içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Duşuşyga gatnaşanlar gadymy halkymyzyň müdimi gymmatlyklary bolan medeni-ruhy mirasymyzy öwrenmeklige, ösdürmeklige we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde giňden wagyz etmeklige giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Mähriban Prezidentimize jan saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.