YLMY-AMALY MASLAHAT

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda “Gadymy mirasymyz – milli buýsanjymyz” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzyň Maddy däl medeni mirasyny toplamakda we olary öwrenmekde ýetilen sepgitler, Maddy däl medeni mirasymyzyň öwrenilişiniň ylmy esaslary, Maddy däl medeni mirasymyzy gorap saklamaklygyň kanuny binýady, Maddy däl medeni mirasymyzyň muzeý eksponatlary arkaly işjeňleşdirilişi dogrusynda gyzykly hem-de çekeleşikli pikir alyşmalar boldy.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan okamak hem-de Magtymguly atamyza bagyşlanan goşgular bilen baglanyşykly çykyşlar hasda şowhunly boldy. Şatlyk-şagalaňa beslenen maslahatyň dowamynda Maddy däl medeni mirasymyzyň Küşdepdi gazallarynda, folkloryň dürli žanrlarynda şeýle hem bagşy-sazandalaryň dilinde şöhlelenişi barada hem giňişleýin gürrüňler edildi. Küşdepdi gazallarynyň dürli görnüşleriniň ýerine ýetirilmegi bilen jemlenen bu maslahat, oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.