ÝAŞLARYŇ HALKARA FESTIWALY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen Türkmenistan Diýarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk we medeni gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen ýaşlaryň 8-nji halkara festiwaly hem bu iki dostana halkyň, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu festiwala dünýäniň 16 döwletinden döredijilik tans toparlary gatnaşdy. Halklar arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze sahypalar bilen bezän bu festiwala Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Medeni işewürlik merkeziniň «Galkynyş» çagalar tans topary gatnaşyp üstünlikli çykyş etdi. Hytaý Halk Respublikasynyň  Dalian we Pekin şäherlerinde geçirilen duşuşyklar we dürli mazmunly medeni çäreler oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy we bu medeni çäreler iki halkyň medeni durmuşyna täze röwüş çaýdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen milli sungatyny halkara derejesinde dünýä ýaýmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, bütinadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!