ÜSTÜNLIKLERIŇIZ ÜSTÜNLIKLERE ULAŞSYN!

 

2018-nji ýylda Çehiýa Respublikasynyň Lidise şäherinde geçirilen «Lidisäniň çagalary» atly çeperçilik eserleriniň 46-njy Halkara sergisinde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Hurşid Mätmuradow « Lidisäniň bägüli» medalyna we Hormat hatyna, Aşgabat şäheriniň B. Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Mähri Amanalyýewa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Gülsenem Ataýewa we Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Merjen Çaryýewa dagy bäsleşigiň Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Bu Halkara sergisinde dünýäniň 79 ýurdundan 29.000 sany çeper döredijilik işleri sergilenip, şol sanda biziň ýurdumyzyň Çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 15-sinden 57 sany çeper döredijilik işleri gatnaşdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 2018-nji ýylda geçirilen «Dostlugyň şäheri» atly 3-nji Halkara çagalar surat bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Selbi Hojanepesowa 1-nji orna (altyn medal), Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Taner Abdulow we Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Atanur Rahmangulyýew 2-nji orunlara, Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Gülruh Huseýinowa hem-de Umyt Durdyýew 3-nji orunlara, Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Selbi Şiriýewa, Sarahs etrabynyň O.Salyr adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Adyl Jumamyradow, Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Täzegül Döwletowa we Eneş Gulhanowa, şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin Aşgabat şäheriniň 2-nji Çagalar çeperçilik mekdebi, Sarahs etrabynyň O.Salyr adyndaky Çagalar sungat mekdebi, Serdar şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi, Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi, Ýolöten etrabynyň Çagalar sungat mekdebi, Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi bäsleşigiň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Bu Halkara bäsleşigine dünýäniň 30 ýurdundan gelen çagalaryň çeken çeper döredijilik işleri gatnaşdy.