ÜSTÜNLIGE TARAP ÄDIM

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen rowaçlyklara beslenen Türkmenistan ýurdumyzda ýär milli medeniýetimizi we aýdym-saz sungatymyzy dünýa ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary hünäriniň IV ýyl talyby Aýbölek Muhyýewa ýakynda Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen Halkara festiwalyna gatnaşyp, ýokary oruna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda Aýbölek Muhyýewa P.Çaýkowskiýniň hem-de Aşyr Kulyýewiň Skripka we orkestr üçin ýerine ýetiren konsertleriniň wideo ýazgysyny internet arkaly ugradyp, dürli ýurtlaryň emin agzalary tarapyndan serjerilip, Baş baýraga mynasyp bolýar (ýerine ýetirilen eserlere konserwatoriýanyň uly mugallymy Stella Faramazowa sazandarlyk etdi).

Şeýle baýragyň daşyndan buýsandyryjy wakalaryň ýene biri Aýbölek Muhyýewanyň hünär halypasy Türkmen milli konserwatoriýasynyň baýry mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Amiýans Artýomowiçe “Iň gowy mugallym” diýlip Diplom iberildi we 2020-nji ýylda geçjek Halkara bäsleşikde emin agzlaryň toparynda gatnaşmaga çakylyk berildi.