USSAT KOMPOZITORYŇ DÖREDIJILIK ÝOLY

Gahryman Arkadagymyzyň öz mähriban halkyna sowgat eden “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitabynda: “Saz adamyň aňynyň hem kalbynyň täsin miwesidir. Çagalykda biz onuň bilen ilkinji gezek duşuşanymyzda, hamala, ony hiç kim döretmän, hemme wagtlaram bolup, diňe bize garaşyp oturan ýaly bolýar. Diňe wagtyň geçmegi bilen, ony döredýän ajaýyp kompozitorlaryň bardygyny bilip galýarys. Aýdymyň, tansyň, fortepiano eseriniň ýa-da simfoniýanyň sazyny ýazýan kompozitor hem öz döreden eserim gowumyka, oňa salan duýgularym we pikirlerim ýüreklerde seslenme tapdymyka we olar düşnüklimikä, ol halkyň durmuşyny suratlandyrýarmyka, adamlara şatlyk getirýärmikä diýip pikir edýär” diýip belleýär.

Ýakynda Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, arkama-arka dowam edýän milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmeginde, kämilleşmeginde bimöçber hyzmatlary bitiren ussat halypalar hatyralanyp, olaryň köplere nusgalyk ýol-ýörelgelerini giň gerimde öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär.

Belent aýdym-sazlar bilen bezelen bu dabarany kompozitoryň öz döreden ajaýyp eserleri düzdi. Halypa hormatyna bagyşlanan bu konsertde bagtyýarlyk döwrümizde sarpaly sungatymyzyň mertebesini has-da belende göterýän Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri Aýna Seýitkulyýewa, Begenç Gaýypow, şeýle-de Türkmen milli konserwatoriýamyzda bilim alýan talyp ýaşlar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow özüniň köpöwüşginli döredijiligi bilen professional aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyrmagy başaran kompozitorlaryň biridir. Häzirki wagtda Türkmen milli konserwatoriýamyzda zehinli talyp ýaşlara kompozitorçylyk hünäriniň inçe syrlaryny öwredip, ençeme şägirtleri ýetişdirýän  D.Hydyrow döwrebap aýdymlary döretmek bilen meşgullanýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly günlerinde halypa kompozitor “Bagtyýarlyk aýdymy”, “Dillerde Arkadag”, “Gyzlaryma”, “Özgeleri diňledim”, “Türkmen gyzy”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Şadyýan gün” ýaly döreden ajaýyp aýdymlary bilen muşdaklaryny begendirýär.