USSAT HALYPA BAGYŞLANAN DABARA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – rowaçlygyň  Watany” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni ösüşlere, özgerişlere hem-de toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Toýlary toýa ulaşýan mähriban Diýarymyzda, ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarowyň 70-ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenip geçildi. Bu bolsa ussat halypamyzyň ençeme ýyllaryň dowamynda saz-opera sungatymyzyň, medeniýetimiziň ösmegine goşan taýsyz goşandy üçin onuň halal zähmetine goýlan beýik sarpadyr.

Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda opera aýdymçysy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan halypamyz Gurt Nazarow dürli ýyllarda iş hem-de döredijilik saparlary bilen Moskwada, Daşkentde, Gyrgyzystanda, Tatarystanda, Kazanda bolup, birnäçe ady belli operalary ýerine ýetirip, köp sanly diňleýjileriň, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Gurt  Nazarow  konserwatoriýany  tamamlan gününden başlap, teatrda beýik ussat drižýor Hydyr Allanurowyň ýolbaşçylygynda işläp, zähmet çekip başlaýar. Ol dürli keşpleri ussatlyk bilen janlandyryp, Weli Muhadowyň “Ganly saka”, A.Agajykowyň “Sona”, S.Rahmaninowyň “Aleko”, J.Werdiniň “Trawiata”, “Rigoletto” operalaryna gatnaşýar. Opera sungatyny ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda ençeme ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin ussat halypamyza 1991-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1993-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakyldy. Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarow Aman Amanow, Atajan Berdiýew, Agajan Genjimow, Şirinjan Kurbanowa, Gunça Meläýewa, Tylla Saryýewa ýaly ençeme zehinli şägirtleri ýetişdirdi. Bu günki geçirilen konsertiň dowamynda halypa mugallymyň kärdeşleri we şägirtleri ussadyň geçen döredijilik ýoly barada gyzykly söhbetleri etdiler.