Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gyşky dynç alyş möwsüminde

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gyşky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda bolup, dürli söhbetdeşlikleri, sesli okaýyşlary hem-de neşir önümleriniň göçme sergisini yzygiderli gurnaýar.

Ýaňy ýakynda kitaphanamyzyň hünärmenleri Gökdere jülgesindäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda bolup, ol ýere ýurdumyzyň dürli künjeginden gyşky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirmek üçin gelen çagalaryň arasynda gyş pasly hem-de türkmen halk ertekileri barada täsirli söhbetdeşlik geçirdiler. Şeýle-de “Altyn sümmül”çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň kitaphanasynda göçme kitap sergisi gurnaldy. Onda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary hem-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi.