TÜRKMENISTAN ROWAÇLYGYŇ WATANY

Ýylyň başynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýyla badalga bermek dabarasy boldy. Dabara medeniýet-sungat işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halk we döwlet ähmiýetli giň gerimli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, mähriban Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ornunyň has-da ýokarlanýandygyny, 2019-njy “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň hem ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenjekdigini guwanç bilen bellediler.

Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylaryň adyndan eziz Watanymyzy baky bagtyýarlyga beslän Gahryman Arkadagymyza Ýüzlenme kabul edildi.