TÜRKMENISTAN ÖSÜŞLERIŇ BELENT BASGANÇAGYNDA

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýyly mynasybetli «Rowaçlygyň Watanydyr Diýarym!» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, Watanymyzyň ähli ugurlarynda ösüşlerini janlandyrýan sungat eserlerine, şekilli gobelenlere, heýkel eserlerine, zergärçilik sungat eserlerine aýratyn orun berildi.

Ýurdumyzyň ussat suratkeşleri Ý.Adamowanyň, Y.Gylyjowyň, Ý.Baýramowyň, S.Meredowyň, M. Daneşwaryň, R.Umarowyň, S.Ýaranowyň ajaýyp eserlerinde ýurdumyzyň gözel tebigaty, türkmen döwletiniň ösüşleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, parahatçylyk, ynsanperwerlik eriş-argaç bolup geçýär. Bu sergide taryh, adamlaryň ajaýyp zähmetleri, türkmen topragynyň eçilen naz-nygmatlary, güneşiň ak nurundan, akar suwuň gudratyndan dörän ir-iýmişler, umuman, döwletimiziň ösüşleri, adamlaryň ýaşaýyş durmuşy baradaky eserler görkeziler. Suratkeş R.Umarowyň «Erkana» atly eserinde tebigatyň gözelligini, suwuň arassalygyny we guwlaryň gök asmanda erkana uçuşlaryny aýdyň görmek bolýar.

Mundan başga-da Annagulyýewleriň döreden toplumlaýyn, bezeg görnüşli küýzelerini, A. Baýlyýewanyň döreden ajaýyp gobelenlerini, A. Çaryýewanyň bezeg şaý-seplerinde güneşli Diýarymyzyň medeniýetini, taryhyny, tebigatyny wasp edýän eserlerini synlamak bolýar. Muzeýiň gaznahanasynda saklanýan A.Şetininiň, M.Ataýewanyň, Ç.Durdyýewiň heýkel, keramika eserlerinde ýurdumyzyň her bir ösüş ýoluny, özleriniň oý-pikirlerini eserlerinde görmek bolýar.