TÜRKMEN PÄLWANLARYNYŇ ÜSTÜNLIGI

 

Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynsan saglygy hakynda uly alada edip, sagdynlygy, ruhubelentligi, dostlugy durmuş ýörelgesine öwürýän mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar.

Bu ugurda ýurt we halkara derejesinde geçirilýän çäreler bellärliklidir. Şeýle çäreleriň biri-de Koreýa Respublikasynda geçirildi. Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dünýäniň 100 ýurdundan türgenleriň 4 müňe golaýynyň gatnaşan Söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary dürli derejeli medallaryň ýigrimi bäşisini gazandy. Olaryň dokuzysy altyn medallardyr.