TÜRKMEN MEDENIÝETI SANLY ULGAMDA

Zeminde ynsan ýaşaýşynyň dörän ilkinji döwründen bäri aýdyň bir hakykat bar. Adamzat jemgyýetini medeniýetden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy, milli medeniýetimizi öwrenmeklige, täzeçe usulda dünýä ýaýmaklyga giň ýol açyldy. Häzirki döwürde sanly medeniýetiň çäginde dürli usullar arkaly milli sungatymyzyň eserleri, meşhur medeniýetimiziň aýratynlyklary wagyz edilýär.

Milli medeniýetimizi mirasymyzyň döwrebap ýörelgeleriniň naýbaşylary bilen utgaşdyryp, häzirki zaman ösüşleriniň çäginde dünýä çykarmak döwrüň baş wezipeleriniň birine öwrüldi.  Döwür bilen aýakdaş barýan Medeniýet we sungat ulgamy döwrüň täze taslamalaryny öz işine ornaşdyrýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda dabaralandyrylan sanly ulgama geçmek boýunça başlangyjyň çäklerinde, türkmen medeniýeti hem sungaty häzirki zaman tehnologiýalaryň, kompýuterleşdirilen abzallaryň kömeginden işjeň peýdalanýar. Medeniýet toplumyna degişli bolan resmi saýtlaryň açylmagy, onda ýurdumyzyň ösüşleriniň we ýetýän belent sepgitleriniň wagyz edilmegi we buýsançly wasp edilmegi diýseň guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň muzeýleridir kitaphanalarynda hereket edýän elektron hyzmatlaryň peýdalanyjylara, syýahatçylara hödürlenmegi, teleköpri arkaly medeni hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagy, geçirilýän dabaralarda we medeni köpçülikleýin çärelerde iri ekran toplumlarynyň kömegi bilen şekilli görnüşleriň şöhlelendirilmegi, sahna bezegleriniň sanly serişdeler arkaly baýlaşdyrylmagy, döredilýän eserleriň internet mümkinçilikleri arkaly tomaşaçylara, okyjylara ýetirilmegi we beýleki işler sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Bagtyýarlyga beslenýän milli medeniýetimiziň we köp asyrlyk sungatymyzyň dünýäde barha dabaralanmagy, wagyz edilmegi, medeni işiň usulyýetiniň döwrebaplaşmagy babatda örän ähmiýetli bolan sanly medeniýet ulgamynyň kemala gelmegi ýurdumyzda döredijilikli zähmetiň has-da kämilleşmegine, eserleriň sanynyň artmagyna uly itergi berýär.