“Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyna degişli maglumatlary halk arasyndan toplamagyň we öwrenmegiň meselelerine” bagyşlanan okuw usuly maslahaty we “Asyrlara ýörelge-nesillere görelde” atly bäsleşigiň jemine bagyşlanan dabara

2019-njy ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip  atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde maslahatlardyr dabaraly çäreler yzygiderli geçirilip gelýär. Şeýle çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan guralan we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy öwrenmek baradaky nesihatlaryndan ugur alnyp geçirilen  “Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyna degişli maglumatlary halk arasyndan toplamagyň we öwrenmegiň meselelerine” bagyşlanan  okuw-usuly maslahatyny görkezmek bolar.  Bu usuly maslahata medeniýet we sungat işgärleri, mirasgärler, mirasy öwreniji alymlar  gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler her güni ösüşli menziller bilen nurlanýan ýurdumyzyň baý mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we geljekki nesillere geçirmekde, bu mukaddes işe ýaşlarymyzy hem çekmekde köpugurly işleriň amala aşyrylýandygy, bu ugurda Mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly mümkinçilikleriň döredilendigi, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek we halk arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň uly gerime eýe bolandygy barada guwanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Serginiň açylyş dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Asyrlara ýörelge-nesillere görelde” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşikde milli mirasy toplamak boýunça ýerlere guralan ekspedisiýalaryň dowamynda halkdan toplanan maglumatlaryň iň gowy nusgalary saýlanyp alyndy. Bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy.