TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR

Türkmeniň täze taryhynda aýdyň sahypalary açjak Türkmenistan –– rowaçlygyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň göwünleri galkyndyryjy çözgüdine laýyklykda, umman ýaly tereň, asman ýaly giň, pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döredip umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen 27-nji iýunda dirli baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp has-da dabaraly toýlanmagy, aýratyn bellärliklidir.

Berkarar döwlet islän beýik şahsyýet, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň watansöýüjilige ýugrulan içki dünýewi pikir ýordumlary, arzuw-hyýallary diňe bir göwün ýüwürtme däl, eýsem, durmuş we ykbal hakykaty bolup, ýurdumyz Garaşsyzlygyny alanyndan soň iş ýüzünde şineledi. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli bir hepdeläp ýaýbaňlandyrylýan Medeniýet hepdeligi bolsa, hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, kämilleşdirmek baradaky taýsyz tagallasynyň iş ýüzünde şöhlelenmesidir. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen medeni çäreler hem-de belentden şirin ýaňlanan aýdym-sazlar bagtyýarlyk döwrüniň buýsandyryjy ösüşleriniň üstüni  ýetirdi. Üýtgeşik heňi, özboluşly çykyşlary bilen konserte gatnaşyjylarda unudylmajak täsir galdyran owazly älemiň bilbilleri, şeýle ajaýyp mümkinçiligi döreden Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzyň döwrebap röwüş atyp, uludan toýlanýan toý-baýramlarymyza nurly öwüşgin çaýmagy, gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan däp-dessurlarymyza goýulýan hormaty artdyrýar. Menzilleri buýsandyryjy ösüşlere beslenýän Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän dabaralaryň halkymyzyň milli ruhuna, toýlaryna kybap geçirilmegi has-da buýsandyrýar.

 

            Älem arzuwlaýan asuda mekan,

              Türkmenistan – rowaçlygyň Watany.

              Waspyňy belentden söýleýär mukam,

              Türkmenistan – rowaçlygyň Watany.

Ahal, Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan,

              Özgerip günsaýyn,saçýar nur ýalkym.

              Eşretde ýaşaýar bagtyýar halkyň,

              Türkmenistan – rowaçlygyň Watany.

              Pederleriň pähim-pendine uýan,

              Milli mirasymyz jahana ýaýan.

              Ümzügi nurana geljege rowan,

              Türkmenistan – rowaçlygyň Watany.

              Bäş müň ýyllyk geçmiş ýoly şöhratly,

              Zehinli nesilli – päk dowamatly.

              Daýanjy Arkadag Hakdan halatly,

              Türkmenistan – rowaçlygyň Watany.