TÜRKMENISTANYŇ TEATRLARY

Teatr – adamzat siwilizasiýasynyň bahasyny ölçäp bolmajak gymmatlyklarynyň biridir. Muny geçmiş taryhdaky beýik dramaturglardyr söz ussatlarynyň teatra beren bahasy-da tassyklaýar. Olar “Teatryň üsti bilen dünýä ýüzüne oňatlyklary ýaýyp bolýar” diýip hasap edipdirler.

Türkmen halkynyň milli teatr sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşgine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy derejesi ilkinji orunda goýulýar. Şol maksat bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän teatrlar gurlup, ulanmaga berildi. Täze teatrlarda işlemäge, öz döredijilik ukybyny açmaga ähli mümkinçilikler bar.

 

      Ýurdumyzda jemi 10 sany döwlet teatrlary bolup, olaryň 6 sanysy Aşgabat şäherinde, 4 sanysy bolsa welaýat merkezlerinde ýerleşýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän teatrlar:

 

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ DRAMA TEATRY

 

 

 

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry (öňki Mollanepes adyndaky drama teatry) 1926-njy ýylyň güýzünde teatr studiýasyny tamamlanlaryň we çeper höwesjeňleriň hasabyna açyldy hem-de bu sungat ojagy türkmen professional teatrlarynyň kerwenbaşysydyr. Dowamyny okamak …

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRY

 

 

Türkmen döwlet opera we balet teatry 1941-nji ýylda açylýar. 2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry döredildi. Bu teatr gysga wagtyň içinde täsirli we gyzykly oýunlaryň onlarçasyny sahnalaşdyrdy. Olaryň köpüsi ýerli awtorlaryň eserleri bolup, türkmen halkynyň taryhyndan, Garaşsyz Türkmenistanyň adamlarynyň gazanýan üstünliklerinden söhbet açýar. Dowamyny okamak …

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI ÝAŞLAR TEATRY

 

 

 

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry ilkinji gezek Ýaş tomaşaçylar teatry ady bilen 1937-nji ýylda döredildi.

2001-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bu teatr Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry diýip atlandyryldy. Dowamyny okamak …

 

 

 

 

A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRY

 

 

 

Rus drama teatry L.Lonskoýyň ýolbaşçylyk etmeginde 1926-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Teatryň sahnasynda ilkinji gezek A.Ostrowskiniň «Haram pullar» eseri teatryň baş režissýory W.Lukaşewiç tarapyndan sahnalaşdyryldy.

Özleriniň baý iş tejribelerine daýanýan teatryň döredijilik toparynyň täze-täze sahna eserleri bilen teatr tomaşaçylaryny begendirmäge uly mümkinçilikleri bar.

 

 

TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY

 

 

 

 

Türkmen döwlet gurjak teatry 1990-njy ýylyň fewral aýynda döredilip, çagalara niýetlenilip sahnalaşdyrylan oýunlary bilen döredijilik ýoluna gadam basdy. Onuň ilkinji teatr möwsümi dünýä meşhur akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan, dürli jandarlaryň keşplerini ör boýuna galdyrylan «Jan içinde» atly göwrümli goşgusy esasynda sahnalaşdyrylan oýun bilen başlandy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli mirasymyzyň, sungatymyzyň barha ösüp, kämilleşip, dünýä ýaýylmagy bu gün her bir teatr işgäriniň kalbynda uly buýsanç döredip, mundan beýläk-de has hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY

 

 

 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2007-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry açyldy. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry gönüden-göni Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň talyplary bilen ýakyndan işleşýärler.

Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyplary teatrda dürli görnüşli spektakllar goýup halka hyzmat edip gelýärler. Teatryň tomaşaçylar zaly iki gatdan ybarat bolup, 641 tomaşaça niýetlenendir. Teatrda taýýarlyk geçmek üçin ýörite otag, tansçylar üçin tans zaly, ses we saz ýazmak üçin saz studiýasy bar.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry döredilen döwründen bäri gysga wagtda ençeme ajaýyp spektakllary sahnalaşdyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy.

 

Welaýat merkezlerinde ýerleşýän teatrlar:

 

 

BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DRAMA TEATRY

 

 

 

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry 2006-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Balkanabat şäherinde açyldy. Dowamyny okamak …

 

 

 

LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

 

 

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry Türkmenistanyň hökümetiniň ýörite karary bilen 1978-nji ýylda Türkmenabat şäherinde döredildi.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet drama teatry hem öz höwesjeň, kämil tomaşaçylary bolan şeýle medeniýet ojaklarynyň biridir.

 

DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

 

 

1938-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry professional teatr hökmünde öz işine başlaýar.

Häzirki wagtda teatrda bagtyýarlyk döwürmiziň ajaýyp keşbini janlandyrýan ençeme spektakllar sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirildi. Dowamyny okamak …

 

 

 

MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 

 

 

Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Mämmetweli Keminäniň adyny göterýän Marynyň döwlet drama teatry ýurdumyzda iň bir söýgüli, baýry, teatrlaryň biridir. 1937-nji ýylda Mary döwlet drama teatryny açmak barada ilkinji guramaçylyk işlerden başlanýar. Dowamyny okamak …

 

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKI

 

 

 

2008-nji ýylda Türkmenistanyň  Prezidenti  Gurbanguly  Berdimuhammedowyň  karary  bilen  Türkmenistanyň  Döwlet  sirki  döredildi.  Durky täzelenen Türkmenistanyň  Döwlet  sirki  2010-njy ýylyň aprel aýynyň  23-inde  açyldy we  ilkinji  tomaşaçylaryny  kabul etdi.

Garaşsyz, baky  Bitarap  Türkmenistanda  milli   sirk  sungatyny    ösdürmek we ugur boýunça döwlet syýasatyny  durmuşa  geçirmek,  şan-şöhraty  bütin  dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň, türkmen jigitleriniň  gatnaşmagynda  sirk  sungatynyň  dürli ugurlary boýunça  tomaşa çärelerini  guramak, milli sirkiň medeni derejesiniň yzygiderli  ýokarlandyrylmagyny  gazanmak we  ilatyň medeniýetli dynç  alyşyny  guramagy  düýpli  gowulandyrmak, geljekde  milli  sirk  sungatyny  has-da  ösdürjek  ýaşlary  terbiýeläp  ýetişdirmek  üçin  oňaýly  şertleri  döretmek  Türkmenistanyň  Döwlet sirkiniň  esasy  maksady  bolup  durýar.

____________________________________________________

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen teatry ýaş nesli ahlak taýdan terbiýeleýän, halkymyzy dünýä hem-de milli ruhy genji-hazynalarymyz bilen tanyşdyrýan medeniýet ojagydyr.  Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynyň birinde teatr işgärlerine ýüzlenip aýdan: “Siz öz halkymyz üçin hem, daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlarymyz we dostlarymyz üçin hem nusga bolup hyzmat etjek ajaýyp eserleri döretmegi başarmalysyňyz” diýen sargydyny ödemek üçin türkmen teatr işgärleri ilhalar, ýokary çeperçilikli sahna eserlerini döretmegi öňlerinde baş maksat edip goýýarlar. Ýurdumyzyň teatr işgärleri Watanymyzyň belläp geçýän her bir toydur baýramlarynda ilhalar oýunlary bilen tomaşaçylyrymyzy begendirip gelýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatr muşdaklaryna ruhy lezzet berip, olaryň gözýetimlerini giňeldip, durmuşa, ýaşaýşa bolan düşünjelerini, höweslerini artdyryp halka hyzmat edýän teatr işgärleriniň ümzügi ileri.

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň pajarlap ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimize halkymyzyň alkyşynyň çägi ýok.