TÄZELENIŞIŇ BAÝRAMY

Edermen eždatlarymyz bolan oguzlar, birneme soňrak gök türkmenler tarapyndan Ergenekon baýramy diýlip atlandyrylan Halkara Nowruz baýramyny dabaralandyrmak däbi şu ýylyň dördünji aprelinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam döwletiniň araçäginde ýerleşýän Howdan – Bajgyran serhetýaka nokadynda dowam etdirildi. Bu iki ýurduň halklarynyň – il ýaşulularynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, tanymal sungat ussatlarynyň, heýkeltaraşlarynyň, medeniýet ulgamynda dürli ugurlar boýunça ussatlyga ýeten hünärmenleriň gatnaşmagynda giňden ýaýbaňlandyrylan bu çäre täze durmuşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan aýdym-sazlara beslendi. Şeýle hem ol külli ynsanyýetiň kalplaryny mähir-muhabbet bilen pürepürleýän, kalp töründen gaýdýan gutlag sözlerinden soň, milli tanslara, birek-birege hödür-kerem etmek, supra ýazmak, Nowruz baýramynyň esasy tagamlary bolan semeni, dürli öwüşginli tagamlar taýýarlamak ýaly ýagşy däplere utgaşdy.

Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyç-tagallasy bilen dowam etdirilýän, taryhy-medeni gatnaşyklara esaslanyp geçirilýän bu halkara baýramynyň dowamynda iki ýurduň halklarynyň amaly-haşam, külalçylyk, nakgaşçylyk, zergärçilik sungatynyň gazananlarynyň sergisi guralyp, onuň dowamy iki halkyň meşhur estrada ýyldyzlarynyň, folklor-etnografik, tansçylar, sazandalar toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Aýdym-sazly çykyşlaryň dowamynda «Serpaý», «Ak mermer», «Arçabil» aýdymçy-sazandalar, tansçylar toparlary, Türkmenistanyň halk artistleri Pälwan Hamydow, Akmuhammet Hanow we beýleki estrada ussatlarymyz yzly-yzyna çykyş edip, tomaşaçylaryň göwünlerini awlamagy başardylar. Goňşy döwletiň «Targe», «Fahre», «Ettehade jam» ýaly folklor, tansçylar, aýdymçy-sazandalar toparlary hem dabara gatnaşýan, uzakdan we ýakyndan gelen myhmanlaryň «sagbolsunlaryna» mynasyp boldular.