“TALYP JOŞGUNY” DÖREDIJILIK FESTIWALY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän “Talyp joşguny – 2019” atly döredijilik festiwalynyň Türkmen milli konserwatoriýasy boýunça tapgyry geçirildi.

Bu döredijilik festiwaly düzgünnama laýyklykda 11 şertden ybarat bolup durýar. Höwesjeň talyplar özleriniň ukyp başarnyklaryny ähli çykyşlarda ýokary derejede açyp görkezmegi başardylar. Ýerine ýetirilen çykyşlaryň içinden taryhda yz galdyran şahsyýetleriň keşplerinde görkezilen sahnalar tomaşaçylar köpçüligi üçin has-da bir ýatda galyjy çykyşlar boldy. Dabara Omar Igamowyň sazyna, Döwletgeldi Annamyradowyň goşgusyna döredilen “Gülle Türkmenistan” atly aýdym bilen jemlendi. Bu çykyş Arkadag Prezidentimize talyp ýaşlaryň ýüreginden joşup çykan alkyş aýdymy bolup ýaňlandy.