TALYP GÖZELI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim minstrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara Zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugur tapyjylygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen  ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2019” atly gözellik bäsleşigini geçirdi.

Şu gün hem Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen bu “Talyp gözeli – 2019” bäsleşigi diýseň, dabaraly ýagdaýda geçdi. Bäsleşige ýokary okuw mekebinde hereket edýän fakultetleriň hersinden bir talyp gyz gatnaşyp, özüniň başarjaňlyklaryny görkezdiler. Gyzlar öz aralarynda üç şert boýunça bäsleşip, talyp deň-duşlarynyň, halypa-professor mugallymlaryň hem-de emin agzalarynyň öňünde çekeleşikli ýagdaýda öz ukyp-başarnyklaryny, gyz-gelinlere mahsus edep-ekramy, eli suýji aşpezliklerini doly ýagdaýda görkezdiler. Bäsleşikde “Halk sazy” fakultetiniň ikinji ýyl talyby Bägül Jumaşowa öz bäsdeşlerinde öňe saýlanyp, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp gyzlarynyň arasynda ýeňiji diýilip yglan edildi.