SYLAGLAMAK DABARASY

Mähriban Diýarymyzda her ýyl döredijilikli zähmeti bilen tapawutlanýan işgärleri sylaglamak dabarasyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýäňy ýakynda, ýagny Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda  Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Sylaglamak dabarasynyň çäginde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde tanymal sungat ussatlarynyň, täze zehinli ýerine ýetirijileriň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň gowy tans, folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmaklygynda baýramçylyk konserti boldy.