SURATKEŞIŇ ŞAHSY SERGISI

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň bilelikde guramagynda Şekillendiriş sungaty sergiler merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Tuwak Sähedowanyň nakgaş eserleriniň şahsy sergisi boldy. Öz ömrüni sungata siňdirip, ajaýyp eserleri bilen halkyň söýgüsini gazanan Tuwak Sähedowanyň şu sergisinde suratkeşiň dürli ýyllarda döreden nakgaş eserleri ýerleşdirilipdir. Olarda türkmen tebigatyny, milli lybaslarymyz bolan kürteleriň, çygrylaryň reňklere siňen şekillerini synlamaga mümkinçilik bar. Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy S.Meredow, Türkmenistanyň halk suratkeşleri S.Babaýew, A.Almämmedow, M.Goçmyradow we başga-da birnäçe suratkeşler  çykyp gepläp, halypa suratkeşiň beýleki döredijilik işleri bilen birlikde, onuň “Bahar aýdymy”, ”Seniň üçin”, ”Çandybil”, “Ýaşlaryň halypasy” atly nakgaş eserlerine ýokary baha berdiler.