SUNGATYŇ GÜÝJI

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ençeme halypa artistler, ussat režissýorlar zähmet çekip, nusgawy şahsyýetlerimiziň keşplerini, geçmiş taryhymyzy teatr sahnasynda janlandyrdylar. Teatryň taryhyna giren, dramaturg Taňryguly Taganowyň Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan ýazan «Kökenli ýüzük» atly sahna eseri, tanymal režissýor Çary Myradow tarapyndan sahnalaşdyrylýar. Onuň bezeg işleri bolsa, suratkeş G.Brim tarapyndan ýerine ýetirilýär. Sahnada çeşme, dag, hüjre ynandyryjy bolup, şol akyp ýatan çeşmeden suw içesiň gelip gidýär. Bu zatlar sahna bezeginiň ýerine düşendigini aňladýar.

Uly meşhurlyga eýe bolan eserde Türkmenistanyň halk artistleri Berdi Mollaýew baş gahryman Magtymguly Pyragynyň, Nurgözel Nagdowa hem Meňliniň keşplerini ussatlyk bilen döredýärler. Dramaturg Taňryguly Taganowyň liriki şahyr Mollanepesiň durmuşyny açyp görkezýän «Yşk mülküniň şasy» atly sahna eseri hem teatra uly abraý getirýär.

Türkmen halkynyň aňynda asyrlap ýaşap rowaýata öwrülen «Babagammar» barada ussat sazanda, artist Baýram Gurbanowyň ýazan, tanymal artist, režissýor Abdylla Ýakubowyň sahnalaşdyran «Babagammar» atly owaza beslenen sahna eseri hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Teatrymyzyň sahnasynda ýurdumyza belli, Gündogaryň iň ajaýyp dessanlarynyň hem sahnalaşdyrylyp halka hödürlenmegi bellärliklidir. Olardan 1968-nji ýylda ýazyjy, dramaturg Ata Abdyrahmanow tarapyndan «Saýatly-Hemra» dessany esasynda döredilen «Şa gyzy» atly sazly dramadyr. Eseri sahnalaşdyran ussat režissýor Abdylla Ýakubowdyr. Bu sazly dramada baş gahryman Hemranyň keşbini ajaýyp aýdymçy Mämi Çaryýew, Saýadyň keşbini hem aýdymçy artist Gözel Gurbanowa döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň teatr sungatyny ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, teatryň sahnasynda dünýä hem-de türkmen dramaturglarymyzyň drama eserlerini sahnalaşdyrmak boýunça taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.