SUNGAT ESERLERINIŇ SERGISI

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi Arkadagly Watana» atly suratkeşleriň şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi guraldy.

Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplaryň döreden eserleri goýlupdyr. Erkin suratkeşlerden A.Mämmetberdiýewiň «Owaz», K.Taganowyň «Agzybirlik», Ş.Mämmedowanyň «Tebigat», T.Mämmedowanyň «Natýurmort», heýkeltaraşlar Ý.Çaryýewiň  «Aýparça», G.Gurbanowyň «Aýly agşam» atly eserleri    özüniň milli öwüşginlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Talyp ýaşlardan G.Esengulyýewanyň, G.Baýryýewanyň döreden syrçaly keramika eserlerinde bolsa bahar paslynyň gözelligi, milli lybasly türkmen gyzlarynyň keşbi täsirliligi bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Suratkeşleriň bahar baýramyna bagyşlanylan bu sergisi dürli temalara baý bolup, olarda ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem türkmen sährasynyň ajaýyp gözellikleri öz beýanyny tapypdyr.