ŞOWHUNLY GEÇEN KONSERT

Ýaňy-ýakynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi konsert zalynda “Ýekelikde aýdym aýtmak” kafedrasynyň hasabat konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda kafedranyň talyplary nusgawy türkmen hem-de dünýä kompozitorlarynyň eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Hasabat konsertinde talyplar tarapyndan D.Öwezow bilen A.Şapoşnikowyň bilelikde ýazan “Şasenem we Garyp” operasyndan Şasenemiň “Hijran ýeli” ariozosy, Weli Muhadowyň “Kemine we kazy” operasyndan Daňataryň “Örtär meni” ariýasy, W. Mosartyň “Don Žuan” operasyndan Serlinanyň ariýasy, P.Çaýkowskiniň “Çarodeýka” operasyndan Kumanyň ariýasy ýaly çylşyrymly eserler ýerine ýetirildi we uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Konsertiň ahyrynda ýetip gelýän türkmen halysynyň güni mynasybetli kompozitor Weli Ahmedowyň “Türkmen halysy” atly eseri ýaňlandy.