ŞIRIN OWAZLY SAZ GURALLARYMYZ

Saz sungatymyz hakda söhbet edeniňde, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitabyndaky: «Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň ýetmişden gowrak saz guraly bardyr. Şol saz gurallary bilen kalplary lerzana getiriji şirin mukamlar döredilipdir» diýen jümleler hakydaňa gelýär. Elbetde, halkymyzyň taryhynyň juda gadymylygy ýaly, onuň medeniýetiniň, sungatynyň taryhy hem juda gadymy, baý hem-de özboluşlydyr. Geçmişde 70-den gowrak şalyklary, hanlyklary, imperiýalary döreden halkymyz kakylyp, üflenip çalynýan, şeýle-de kirişli saz gurallarynyň onlarça görnüşini döredipdir.

Bütin Gündogar halklarnyň sungatynda ir döwürlerden bäri meşhur bolan aýdym-sazly, uly göwrümli 12 mukamyň 7-siniň watandaşymyz Barbad Merwezi tarapyndan döredilendigi baradaky maglumat hem türkmen topragynda saz sungatynyň ösen derejesinden habar berýär. Watandaşymyz Barbadyň ussatlygynyň hormatyna ýüzýyllyklaryň dowamynda ud, çeň, kanun, dutar, naý, tanbur, dowul, tebil ýaly saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň bäsleşikleň hem yzygiderli geçirilipdir.

Türkmeniň gadymy milli saz gurallary bardaky gymmatly maglumatlar «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarda hem öz beýanyny tapypdyr. «Gorkut ata» şadessanyndaky «Dädem Gorkut geldi, gopuz çaldy», «Dädem Gorkut geldi, şatlyk çaldy», «Gümmür-gümmür nagaralar çalyndy, tebiller kakyldy», «Görogly» şadessanyndaky, «Bäş ýüz surnaý, üç ýüz kernaý çalyndy», «Otuz iki saz guraly bir gulakdan düzülip çalyndy» ýaly jümleler türkmeniň saz gurallarynyň köp görnüşlidigine, köp owazlydygyna aýdyň delildir. Türkmeniň gadymy saz gurallarynyň dürli görnüşleriniň halkymyzyň saz däplerinde giňden ulanylandygy bilen baglylykda olar nusgawy şahyrlarymyzyň goşgy setirlerine hem siňip gidipdirler. Ine, käbir mysallar:

Andalyp:

«Geldi ýarym gije,

elinde surahy birle meý,

Ýanynda mutrub çalyp tanbur,

kanun birle naý».

Gaýyby:

«Gaýyby ýandykça

her lahze pyrakyň oduna,

Nalaýy-dilsuzu-ud,

çeň sazyň ertdi ýar».

Mollanepes:

«Nagara kakyp,

surnaý çalyp şadyýan».

 

Türkmen öz milli saz gurallaryny döretmegiň, ony kämilleşdirmegiň üstünde elmydama işläp gelipdir. Geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap, köp sesli orkestriň berýän seslerine laýyklykda, şeýle-de milli saz gurallarynda dürli halklaryň sazlaryny çalmaga mümkinçilik berýän saz gurallaryny döretmek babatynda birnäçe synaglar, tejribeler durmuşa geçirilipdir. Halkymyzyň milli saz gurallary belli bir döwürlerde döräp, şonuň bilen tamam bolup, saklanyp galan sungat däldir. Saz gurallary adamzat taryhynyň hemme döwürlerinde hem ezber ussalar tarapyndan täze-täze nusgalarda döredilip, ussat ýerine ýetirijiler tarapyndan bolsa olary çalmagyň usullary kämilleşdirilip gelnipdir.