SIMFONIKI ORKESTRIŇ KONSERTI

Türkmen milli konserwatoriýasynda Nowruz baýramy mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow. Dabaranyň dowanymda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserleri ýaňlandy. Şonuň ýaly-da D.Öwezowyň “Aýna”, “Şasenem-Garyp”, “Leýli-Mejnun” operalaryndan, S.Rahmaninowyň “Aleko” operasyndan parçalar,  şeýle hem P.Çaýkowskiniň, Weli Muhadowyň, Suhan Tüýliýewiň, Orazmyrat Amanmyradowyň wokal we instrumental sazlary ýerine ýetirildi. Konsert Kerimguly Garowowyň simfoniki orkestr, hor we solistler üçin döreden “Belent ykbal” atly eseri bilen tamamlandy.