ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ WASPY

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Şöhratly taryhyň beýany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň gurnamagynda hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hemaýat bermeginde bilelikde geçirildi.

Döredijilik bäsleşigi Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yglan edilen “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň dowamynda geçirilmegi bellenilen çäreleriň çäklerinde guralyp, munuň netijeleri Garaşsyz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilim edaralarynda okaýan talyp ýaşlaryň şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryndan ukyp-başarnyklaryny, zehinini, döredijilik gözleglerini açmaklaryna mümkinçilik berdi.

Bellemeli aýratynlyklaryň biri-de, şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, külalçylyk, zergärçilik, gobelen ugurlaryndan ýörite bilim berýän Medeniýet ministrligine degişli ýokary hem-de orta hünär çeperçilik okuw mekdepleriniň talyplaryndan daşary, bu bäsleşige ýurdumyzyň beýleki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem öz döredijiligi bilen gatnaşmaklary hem-de olaryň bäsleşigiň ýeňijileriniň düzümine goşulmagydyr.

Döredijilik bäsleşiginiň dowamynda talyp ýaşlar öz döredijiligi bilen milli sungatymyzy köptaraplaýyn öwrenmek, şöhratly taryhymyzy wasp etmek, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak babatda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini açyp görkezmeklige şahsy goşantlaryny goşdular, muňa mysal edip: Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň, Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet Mugallymçylyk institutynyň, Türkmen Oba hojalyk institutynyň, A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýat ýörite sungat mekdepleriniň zehinli talyplaryny görkezmek bolar.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Şöhratly taryhyň beýany» atly döredijilik bäsleşigi “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylyny üstünlikli jemlemek boýunça döwlet derejesinde geçirilen özboluşly hem-de ähmiýetli çäre boldy.