“SAWÇYLAR” ATLY SAHNA OÝNY

     Ata Watanymyzyň taryhyndaky şanly, buýsançly wakalary ilat arasynda giňden öwüt-ündew etmek, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň dürli öwüşginli ajaýyp mirasynyň aýawly saklanylmagy, onuň has hem baýlaşdyrylmagy, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülmegi, onuň gadyr-gymmatyny bagtyýar nesillerimize ýetirmek maksadyndan ugur alyp hereket edýän Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň repertuarynda eziz halkymyzyň şöhratly hem gahrymançylykly taryhyna, watansöýüjilige, mertlige, wepalylyga bagyşlanyp döredilen kämil sahna eserleriniň onlarçasy bar.

Türkmen halkynyň milli teatr sungatynda we sungat äleminde diňe bir artist hökmünde tanalman, eýsem dramaturg, režissýor hökmünde hem tanalýan Hommat Müllügiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Sawçylar» atly sahna oýny teatr tomaşaçylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanyldy.

“Sawçylar” talyplaryň durmuşyndan ýazylan eser. Waka talyplar toparynyň önümçilik tejribeligine gitmeziniň öň ýany bolup geçýär. Talyplar bir-iki günden haýsydyr bir şähere, uly gurluşyga tejribe geçmäge gitmeli. Olar öz ýoldaşlary Aýjemalyň öýlerine gelýär, sebäbi şoh, şahandaz talyplar baran ýerinde gurluşykçylara görkezmäge kiçeňräk konsert meýilnamany taýynlap ýörler. Emma Aýjemalyň aýdan şum habary olary serpmeden gaýtarýar, sebäbi Aýjemallara sawçy gelip-dir…

Aýjemal önümçilik tejribeligine däl-de, başga durmuş ýoluna gitmeli. Şunlukda, garaşylmaýan syrly gudaçylygyň wakalary orta çykýar. Ol syr oýnuň ahyryna çenli açylman galýar. Talyplar spektaklyň içinde spektakl, ýagny oýnuň içinde oýun oýnaýarlar, tomaşaçylar – Agajan aga, Ýolly Ýollyýew , ömrüni artist bolup sahnada ýaşan artist Çary aga. Agajan aga dagy oýnuň içindäki oýna tomaşa edýär, öz söwer gyzy Aýjemalyň bagty üçin göreşýän talyp ýoldaşlaryna buýsanýar. Oýnuň ahyryna Aýjemal bilen Orazyň päk söýgisi üstün çykýar Agajan aganyň pynhan syram açylýar. Durmuşda agzy bişen Agajan aga tüýs ýürekden gyzynyň bagty üçin göreşen adam bolup çykýar.

“Sawçylar” drama eserinde adam ykbaly esasy orunda durýar, öz bagty, ýoldaşynyň bagty üçin göreşýän talyplaryň keşpleriniň giden galareýasy oýnuň hakyky sahna eseridigine kepil geçýär…