SAGDYN JEMGYÝETIŇ ROWAÇ ÝOLLARY

Hormatly Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini giňişleýin wagyz etmek, köpçülikleýin ýaşlarda terbiýeçiligi ösdürmek maksady bilen alyp barýan maksatnamalaýyn işleri dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapýar. Sagdynlygyň, gözelligiň hem-de dostlugyň başlangyjy bolan edep-terbiýe adamlara durmuşda maksada okgunly, zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik ylhamyňy joşdurýar. Mähriban Arkadagymyzyň ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary gelejekde watanymyza halkymyza özleriniň hünärlerinden ýokary derejeli hünämenler bolmaklary üçin alyp barýan işleri sanardan köpdür.

Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen Türkmen milli konserwatoriýasynda hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Sagdyn jemgyýetiň rowaç ýollary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler ýol hereketiniň dogry berjaý edilmegi, ýaramaz endiklerden daşda durmaklygyň peýdalary hakynda gürrüň etdiler.