ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN ÝEŇIŞ SAZLARY

Türkmen milli konserwatoriýasynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanyp, “Rowaçlyklara beslenýän ýeňiş sazlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň döwlet senasy bilen açyldy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektorynyň gutlag sözünden we plenar mejlisinden soňra, ylmy-amaly maslahat iki sany uly bölümçede öz işini dowam etdi.

Birinji bölümçe “Halk gahrymanlary baky diridir” ady bilen geçirilip, bu ýerde dürli temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Maslahata diňe bir türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarydyr talyplary gatnaşman, eýsem, ýurdumyzyň dürli ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşyp, özleriniň gyzykly maglumatlary bilen çykyş etdiler.

Ikinji bölümçe “Ýeňiş güni watançylygyň baýramy” ady bilen geçip, bu ýerde hem Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen bagly şeýle-de ylym-bilim, medeniýet we sungat bilen baglanyşykly birnäçe çykyşlar ýerine ýetirildi.

Çykyşlaryň içinde “Hormatly Prezidentimiziň romanlarynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary barada”, “Mukamçy kompozitorlaryň döredijiliginde watançylyk temasy”, “Mertler watany beýgeldýärler”, “Berkararlyk döwründe watançylyk terbiýesi”, “Mukaddes watany jandan söýeliň”, “Gahrymanlaryň mukaddes sarpasy”, “Türkmen halkynyň 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunda tylda görkezen edermenligi” ýaly çykyşlar talyp ýaşlaryň geljekde watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin has täsirli boldy diýip, aýdyp bileris.

Gyzykly çykyşlaryň dowamy Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdymdyr-sazlar bilen utgaşdy.