ROWAÇLYK ÝYLYNA BADALGA

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2019-njy ýylyň “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi ähli medeniýet we sungat ussatlaryny galkyndyrdy. Ýanwar aýynyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde Mahriban Arkadagymyzyň atlandyran “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” atly şygaryna badalga berildi. Mukamlar köşgünde ýygnanan medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, suratkeşler, ýazyjylar, şahyrlar, artistler, bagşylar we sazandarlar Hormatly Prezidentimiziň yglan eden täze ýörelgesini höwes bilen goldadylar. Mukamlar köşgündäki çäräniň çäginde Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň uly sergisi geçirildi. Şeýle hem bu aýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň täze sergisi guraldy.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýyly “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly diýip, yglan eden şygaryndan badalga alyp, Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary şekillendiriş we amaly-haşam sungatlarynyň eserlerinde bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň köptaraplaýyn ösüşlerini şöhlelendirýärler.