“ROWAÇLYGYŇ ÝURDY – TÜRKMENISTANYŇ MILLI MIRASY”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň medeniýeti uly rowaçlyklara beslenýär. Adamzat nesliniň taryhy, medeniýeti bilen bagly gymmatlyklarymyzy dikeltmekde, dünýä halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmekde, ynsanperwerligi, parahatçylygy wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň  muzeýleriniň bahasyna ýetip bolmajak orny bardyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem bu işe öz mynasyp goşandyny goşmak bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylyna bagyşlanan dürli göçme sergileri yzygiderli gurnaýar.

Şeýle göçme sergi 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda hem gurnaldy. Döwlet muzeýiniň gaznasyndaky gymmatlyklardan gurnalan, “Rowaçlygyň ýurdy – Türkmenistanyň milli mirasy” diýlip atlandyrylan bu sergi 14-nji aprele çenli dowam eder.

Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynda guralan bu göçme serginiň açylyş dabarasyna institutyň professor mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ogulnäzik Isenowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa çykyş etdiler.

Talyp ýaşlar sergide türkmen halkynyň gadymy haly önümleri, egin-eşikleri, öý esbaplary, saz gurallary bilen tanşyp, olar barada muzeý işgärleri tarapyndan gyzykly maglumatlary diňlediler.