ROWAÇ ÝOLLARA ROWANA ÝOLLAR

Halkyň kalby bilen bagly döwlet syýasatyny rowaçly ýollarda alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyz, halkymyz üçin bitirýän belent işleri biziň her birimiziň ykbalymyz, saýlan hünärimiz, ýagty gelejegimiz bilen dahyly bolup, ol biziň ruhymyzy belende göterýär. Şu ýyly hem Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly diýip yglan etmegi biz ýaşlary has-da bir buýsandyrdy. Bu ýyl başlanan ilkinji günlerinden toýdur baýramlar, şatlykdyr şagalaňlara beslendi.

Türkmen milli konserwatoriýasynda “Rowaç ýollara rowana ýollar” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bilim — terbiýe berijilik ähmiýetli bolan bu özboluşly çärede “Watan rowaçlygyň gözbaşy”, “Arkadagly medeniýet – Rowaçlygyň ruhy gözbaşy”, “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy kitaplrynda ynsanperwarlik taglymaty”, “Rowaçlyga beslenen owazlar”, “Rowaçlygyň watany, rowaçlaryň watany” atly halypa mugallymlaryň çykyşlary talyp ýaşlar üçin diýseň täsirli boldy. Dabarada çykyş edenleriň ýürek buýsançlary bolan bu sözler aýdym-sazlar bilen utgaşyp özboluşly gözellik döretdi. “Görogly” şadessanyndan parçalar, türkmen halk aýdymy “Terekme”, aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran halypa kompozitorlarymyz Daňatar Öwezowyň, Weli Muhatowyň, Gurban Kulyýewiň nusgawy eserleri talyp ýaşlar we halypa mugallymlar  Watançylygy, Bagtyýarlyk döwrümiziň üstünliklerini wasp edýän  joşgunly aýdym-sazlary şirwan perdede ýaňlandyrdylar.