“ROWAÇ WATANYM, BELENT JOŞGUNYM”

Rowaçlyklara beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly  Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde halk döredijiligimizi, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmeklige, we ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Halk döredijiliginiň şahyrana dünýäsine çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz ruhy gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy, geljekki nesillere ýetirilmegi ugrunda uly aladalar edýär.

Heňňamlaryň dowamynda döräp, asyrlary aşyp gelen, halkyň dürdäne paýhasyndan dünýä inen folklor eserleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Halkyň ruhuny joşdurýan gymmatlyklardyr.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Daşoguz we Lebap welaýatlarynda “Rowaç Watanym, belent joşgunym” ady bilen dabaraly ýagdaýda geçirilen festiwal hem türkmen folklor žanrlarynyň ýerine ýetirilişiniň ýerli aýratynlyklaryny öwrenmeklige, türkmen halk döredijiliginiň dürdänelerini giňden wagyz etmeklige bagyşlanyldy.