REJELEÝIŞ IŞLERINE BAGYŞLANAN OKUW MASLAHATY

Türkmenistanyň çäklerinde dürli döwürlere degişli pagsadan, çig we bişen kerpiçlerden gurlan ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Olaryň asyl nusgasyny abat saklamaklygyň we rejeleýiş-berkidiş işlerini talaba laýyk ýerine ýetirmekligiň usullaryny öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi seminar okuw maslahatyny geçirdi.

Bu okuw maslahaty welaýatlarda hereket edýän “Nusaý”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Köneürgenç”, “Kerki”, Gökdepe galasy”, “Köne Sarahs”, “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleriniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rejeleýji-binagär hünäri boýunça bilim alýan talyplarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda geçirildi.

Seminar Köne Nusaý galasynda saklanan tegelek otag binasynda alnyp baryldy, onuň dowamynda ilki diwaryň ýüzüni arassalap, soňra toýun topragyna saman garyp, palçyk taýynlap, diwaryň ýüzüni suwamaklyk, asyl nugasynda kerpiç taýynlamak hem-de kerpiç örmek işleri görkezildi.