MUZEÝ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ UGRUNDA

2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda onda seredilen esasy soraglaryň düzüminde ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýleriniň işini kämilleşdirmek, muzeýleriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, muzeý işine Sanly ulgamy girizmek, muzeýleri döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek meseleleri bar.

Munuň netijesinde paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde ýerleşýän muzeýler we olarda saklanýan muzeý gymmatlyklary baradaky maglumatlaryň elektron nusgalaryny döretmek we her bir döwlet muzeýinde olaryň öz adyndan hereket etjek saýtlaryny açmak baradaky işleri guramagyň we ýola goýmagyň usulyýeti barada pikir alşyldy.

Iş maslahatynda muzeýlerde saýt döretmegiň Döwlet muzeýinde bar bolan iş tejribeleri barada giňişleýin durulyp geçildi.