MUZEÝ GYMMATLYKLARY WE MEDENI GATNAŞYKLAR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan Margiana döwletine degişli muzeý gymmatlyklary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäheriniň Täze Muzeýinde, Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde, şeýle hem Mangeýim şäheriniň Reiss-Engelhorn muzeýinde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergisi gurnaldy. Bu täsin we hiç gaýtalanmajak ajaýyp tapyndylar ilkinji gezek daşary ýurda sergä çykaryldy hem-de köpçüligiň ünsüni  özüne çekdi.

Ynha, şol sergä bagyşlanyp 12-nji martda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» atly tegelek stolyň başyndaky duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Germaniýa Federatiw Respublikasynyň muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şol döwletiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary we ylmy işgärleri, muzeýleriň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki Gadymy we irki taryhy muzeýiniň direktory Mattias Wemhof, şol muzeýiň baş gazna saklaýjysy Manfred Nawrot, esasy ylmy işgäri Anton Gass, Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorm Muzeý toplumynyň baş direktory Alfred Wiçorek we direktory Sýuzanna Wihert, Gamburg şäherindäki Arheologiýa muzeýiniň direktory Raýner-Mariýa Waýs, şol muzeýiň kommersiýa direktory Torsten Rýomer, muzeýiň ylmy işgäri Mihail Merkel, Gamburg şäherindäki Tehniki uniwersitetiň hormatly professory Hanno Şaumburg, Gamburg şäheriniň binagäri, Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýiniň hyzmatdaşy Barbara Andrea Flekenştaýn dagy çykyş etdi. Onda medeni, arheologiýa we muzeý işi babatda ikiçäk hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.