MUKAMLARYŇ SAZLAŞYGY

Beýik işleriň başlangyjy bolan «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýyly ösüş-özgerişleriň, ahlak taýdan arassalygyň, täze sepgitlere ýetmegiň, döwletmenligiň, ruhubelentligiň ýyly hökmünde badalga aldy. Bu ýyl medeniýetiň hem sungatyň ýyly hökmünde-de taryha girer. Çünki 2019-njy ýylyň ilkinji aýynda ady-owazasy umman aşan ahalteke bedewleriniň neslinden bolan alny sakar altynsow taýçanagyň dünýä inmegi, Hojalyk müdirligine degişli maldarçylyk toplumynda dünýä inen taýçanagyň hormatly Prezidentimize sowgat berilmegi, şol taýçanaga hem Gahryman Arkadagymyzyň «Rowaç» diýip at goýmagy we oňa bagyşlap Milli Liderimiziň goşgy ýazmagy munuň hakykatdan hem şeýlediginiň subutnamasydyr. Bu ýylyň ilkinji günlerinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanyp aýdym-sazly çäreleriň köp sanlysy geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçirilen aýdym-sazly çykyşlar hem şeýle çäreleriň biridir. Çäreleriň dowamynda belli kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlaryna «Aşgabat», «Artygyň aýdymy», «Aýgytly ädim baletinden bölekler», Mihail Glinikanyň sazyna «Ruslan we Lýudmila» operasyndan, Aram Hajaturýanowyň sazyna «Wals», Iýogans Bramsyň sazyna «Wenger tansynyň» sazlary ýaňlanyp, bu ýere ýygnananlaryň göwün dünýäsini awlady. Şeýle hem çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Daňatar Öwezowyň hem-de Daňatar Hydyrowyň sazlaryna Türkmenistanyň at gazanan artisti Atajan Berdiýewiň ýerine ýetiren «Şasenem-Garyp» operasyndan «Garybyň ariýasy», Gurbannazar Ezizowyň goşgusyna «Şadyýan gün» atly aýdymy bu ýere ýygnananlaryň göwnünden turdy, olara tomaşaçylar uzak wagtlap elçarpyşmak arkaly öz hoşallyklaryny bildirdiler. Olaryň yzýanyndan Ata Atajanowyň goşgusyna, Çary Nurymowyň sazyna Leýli Ökdirowanyň ýerine ýetiren «Niçik söz tapaýyn nähili aýdym» atly aýdymyny, şeýle-de Gara Seýitliýewiň, Mollanepesiň goşgularyna, Aman Agajykowyň we Nury Halmämmedowyň sazlaryna Gurbanmyrat Jumanyýazowyň ýerine ýetiren «Süýji arzuwlar», «Ýadyma düşdi» atly aýdymlaryny bu ýere ýygnananlar uly höwes bilen diňlediler. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň dirižory Resul Gylyjowa we sazandalaryna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

                                                                                                              

«Medeniýet»