MILLI LIDERIMIZIŇ BAŞLYKLYGYNDA GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulan jemleýji çäre – Arkalaşyga agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Nobatdaky Aşgabat duşuşygynyň gün tertibi Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Ileri tutulýan meseleler boýunça giňişleýin pikir alşyldy, möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Kabul edilen resminamalaryň, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň giňişliginde, şol sanda tutuş dünýäde hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly parahatçylygy we gülläp ösüşi berkarar etmek ýaly belent maksatlar bilen baglanyşykly bolmagy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ýagty geljegi nazarlaýandygyny alamatlandyrýar. Çünki bu duşuşyk Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky özara ynamy hem-de düşünişmegi berkitmekde, hyzmatdaşlygy döwrüň talabyna laýyk derejede baýlaşdyrmakda diýseň uly ähmiýete eýedir.

Şeýle täsirli geçen ýokary derejeli Aşgabat sammitiniň ahyrynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Polat Bülbül ogly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Ýefimowiç Şwydkoý bilen bilelikde Milli Liderimize Arkalaşygyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň abraýly sylagyny – “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen medaly gowşurdylar.

Biz hem öz gezegimizde Medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan Mähriban Arkadagymyzyň mynasyp bolan bu abraýly sylagyny tüýs ýüregimizden gutlaýarys!