MILLI HEM DÖWREBAP

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde zergärleriň, sungaty öwrenijileriň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmen zergärçilik sungatynyň täsinlikleri» dýlip atlandyrylan döredijilik duşuşygynda bu nepis sungatyň täsin syrlary hakda söhbet edildi. Şol täsinlikleriň biri hem milli zergärçilik sungatynyň milli nusgada döwrebap öwüşginlere beslenýänligidir. Döwrüň owazyndan ylham alýan zergärlerimiz gelin-gyzlaryň, zenanlarymyzyň milli şaý-seperini, bedew bezeglerini ýasamagyň hem ussatlarydyr. Bagtyýarlyk döwrümizde hem gadymy nusgalaryň, hem döwrebaplygyň özara utgaşmagyndan döreýän zergärçilik eserleri gözelligi bilen özüne çekýär. Geçirilýän segileriň, şeýle döredijilik duşuşyklarynyň hem bu sungatyň kämilleşmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Döredijilik duşuşygynda çykyş eden ussat zergärler hormatly Prezidentimize öz çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.