MARGIANA – BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan jemi 219 sany Margiana döwletine degişli muzeý gymmatlyklary Germaniýa Federatiw Respublikasyna iberildi. Bu täsin we hiç gaýtalanmajak ajaýyp tapyndylar ilkinji gezek daşary ýurda sergä çykaryldy. Sergi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäheriniň Täze muzeýinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sergi nemes habarçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Olar bu sergi barada ýerli gazetlerde çykyş etdiler. Şeýle hem, Germaniýa tarapy bu sergi mynasybetli “Margiana” ady bilen kitap çap edip, hormatly Prezidentimize uly hormat bilen sowgat hökmünde gowşurdylar. Kitapda Margiana döwleti barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Şonuň ýaly-da, «Margiana ― Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologiýa sergisi Germaniýanyň Gamburg şäherinde-de dowam etdirildi. Serginiň açylyş dabarasynda Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Senatynyň, Arheologiýa muzeýiniň wekilleri çykyş edip, ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň, iki halkyň milli mirasyny wagyz edýän bilelikdäki medeni çäreleri guramak arkaly medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň türkmen-german hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarydygyny bellediler. Şeýle-de Berliniň Täze muzeýiniň, Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň, Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorn muzeýiniň işjeň gatnaşmagynda gurnalýan serginiň ähmiýeti nygtaldy.

Serginiň dowam eden döwründe Margiana döwleti we onuň arheologiýa tapyndylary bilen gyzyklanýanlaryň sany barha köpeldi. Sergini her günde ortaça 3 müňe golaý adam görmäge gelip, ahyryna çenli sergini görmäge gelenleriň sany 387118 adama ýetdi.