TÜRKMENISTANYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASY

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem gadymy we baý milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän medeni syýasatlaryndan ugur alnyp, halkymyzyň milli mirasyny, medeni-ruhy gymmatlyklaryny toplamakda, ýitip gitmeginiň öňüni almakda, olary ylmy esasda öwrenmekde, geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni  mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen 2014-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň düzüminde  Maddy däl medeni miras müdirligi döredildi. 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky”  Kanuny kabul edildi.

Häzirki döwürde müdirlik tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 14311-nji Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Milli maddy däl medeni mirasyny toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap  saklamagyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden maddy däl medeni mirasyna degişli görnüşleriniň Milli sanawy we onuň audio/wideo nusgalaryny özünde jemleýän maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň elektron katalogyny döretmek boýunça köpýyllyk işleriň başy başlanyldy. Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan, halkymyzyň maddy däl medeni mirasyny hasaba almak, toplamak, öwrenmek işleri döwrümiziň möhüm işleriniň biridir. Bu babatda  ýerli hünärmenlere maddy däl medeni mirasy hasaba almaga ýardam bermek üçin ýerli şertleriň aýratynlyklaryna laýyklykda zerur bolan bilimleri we başarnyklary hem-de dünýä tejribesini  öwretmek maksady bilen  “Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň görnüşlerini jemgyýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda hasaba almak” ady bilen ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň gatnaşmagynda milli okuw-usuly maslahatlary, şeýle hem ähli welaýatlardan ýörite bellenilen wekilleriň gatnaşmagynda “Milli maddy däl medeni mirasy hasaba almak, öwrenmek we gorap saklamak” atly okuw-usuly maslahatlary guralýar.

Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladasy bilen halkymyzyň köpasyrlyk milli-medeni mirasyny, adamzat pähiminiň dürdänesi hasaplanylýan, dünýä mirasynyň genji-hazynasynda mynasyp orun alan milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga hem-de ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler açyldy. Hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalary bolan dilden-dile geçýän mirasy, däp-dessurlary, yrymlary, milli toýlarydyr baýramçylyklary, halk çeperçilik sungatyny, milli hünärmentçiligiň baý tejribelerini, awçylyk, balykçylyk, ekerançylyk, oba hojalygy, maldarçylyk, türkmen milli tagamlary, suwy toplamak we tygşytly ulanmak, egin-eşik we durmuş hajatlary üçin serişdeleri öndürmek, öý gurmak we milli binagärlik, halk tebipçiligi, ýerli ösümliklerden boýaglary almagyň usullary, howa we klimat hadysalaryna düşündiriş bermek boýunça halk tejribeleri öwrenilýär. Maddy däl medeni mirasymyzyň görnüşleri bilen baglanyşykly festiwallar, konsertler, ýurt we halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlar, ýubileý dabaralary, duşuşyklar, tejribe sapaklary yzygiderli geçirilýär.

“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” mynasybetli müdirlik tarapyndan Küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilişiniň hem-de gazallarynyň milli aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we dünýä ýaýmak maksady bilen, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Asyrlaryň ruhy joşguny” atly Küştdepdi festiwaly geçirildi. Keçe we keçe önümleriniň görnüşlerini hem-de olaryň medeni ähmiýetini öwrenmäge we halk arasynda wagyz etmäge bagyşlanan “Türkmen keçesi – bahar ýaýlasy” ady bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döredijlik duşuşyklary we amaly-haşam sungatynyň sergileri guraldy. Türkmenistanyň meşhur halypa bagşy-sazandalarynyň mirasyny öwrenmek, ýaş nesillerde aýdym-saz sungatyna söýgi döretmek we Watanymyzy belentden wasp etmek maksady bilen, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli etraplarynda türkmen saz sungatynda öçmejek yz galdyran Amangeldi Gönübegiň, Şükür bagşynyň, Girman bagşynyň, Öwezdurdy Welmämmedowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nabat Nurmuhammedowanyň, Türkmenistanyň halk artistleri Oraz Saryýewiň, Çary Gurbanowyň, Ýagmyr Nurgeldiýewiň hem-de Hojamämmet Täçmämmedowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan “Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr” atly aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Ähli welaýatlardan bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde aýdym-saz festiwaly geçirildi.  Ata-babalarymyzyň kämil paýhasy esasynda döredilen halk döredijiliginiň täsin nusgalaryny düýpli öwrenmek maksady bilen gadymy Lebap topragynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly festiwal geçirildi. Festiwala ähli welaýatlardan ýerine ýetirijiler gatnaşyp, halk döredijiliginiň sanawaçlar, ýaňyltmaçlar, matallar, nakyllar ýaly şahyrana görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş etdiler.

Türkmen halk saz sungatynyň özboluşly ugry hökmünde, näzikden gelen, kalba ýakymly duýgular eçilýän tüýdük sazlarynyň halk tejribesini öwrenmek, ýaş nesillerde tüýdük sazlarynyň aýratynlyklaryna söýgi döretmek maksady bilen „Tüýdügiň owazy – göwünleriň ýazy“ atly festiwal geçirildi. Onuň jemleýji tapgyry Mary şäherinde geçirildi. Halkymyzyň uly göwrümli edebi-folklor mirasy bolan „Görogly” şadessanyny we onuň dünýä medeniýetindäki ornuny ählitaraplaýyn öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolan «Görogly» şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Halkara maslahatynyň çäklerinde Daşoguz şäherinde ýurdumyzyň ähli dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda “Dünýä dolan dessanym” atly festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Şeýle hem, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde “Geliň, rowaýat diňläliň!” atly festiwal geçirildi. Festiwala Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan gatnaşan rowaýatçylar türkmen milli aýdym-sazlary barada döredilen rowaýatlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler, bagşylar bolsa şol rowaýatlaryň aýdym-sazlaryny uly joşgun bilen aýdyp berdiler.

Müdirlik maddy däl medeni mirasyň görnüşlerini toplamak, hasaba almak we öwrenmek bilen bilelikde bu ugurda gollanmalary taýýarlamak işini hem alyp barýar. Häzirki wagta çenli dessançylyk sungaty, bu ugruň ussat halypalary barada türkmen, iňlis we rus dillerinde “Türkmen dessançylyk sungatynyň taryhy kökleri we häzirki zaman ýagdaýlary”, şeýle hem “Görogly” şadessany dünýä halklarynyň epik mirasynda”  atly ylmy makalalaryň ýygyndysy, “Türkmen dessançylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik ugurlary” atly ylmy monografiýa çapa taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni-ruhy, taryhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we olaryň dünýä medeniýetindäki ornuny ebedileşdirmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Muny “Görogly dessançylyk sungatynyň” hem-de 12 sany döwletler topary tarapyndan hödürlenen “Nowruz baýramynyň” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi hem doly tassyklaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmek, gorap saklamak babatda döredip beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkymyzyň milli buýsanjy, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni-ruhy mirasymyzyň ruhy hem-de durmuşy ähmiýetini, bütinadamzat gymmatlygyny öwrenmek, gorap saklamak, gymmatyny ölçäp bolmajak gymmatlyk hökmünde geljekki nesillerimize ýetirmek  biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.