LYBASLAR – MILLI GYMMATLYKLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR

Bakymly gözelligi özünde jemleýän milli lybaslarymyz milli gymmatlyklarymyzyň iň ajaýyp nusgalarydyr. Olar halkyň däp-dessurlaryny, durmuş ýörelgelerini, geýinmek medeniýetini häsiýetlendirýär. Milli lybaslarymyzyň el keşdeleridir dürli nagyşlar bilen nagyşlanan görnüşleri gaýtalanmajak gözelligi bilen göreni haýrana goýýar.  Milli lybaslarymyzyň içinde türkmen ketenisine uly orun degişli. Sap ýüpekden edilen keteniden dabara we toý lybaslarynyň dürli görnüşleri döredilipdir. Tutumly toý-dabaralarymyza aýratyn bezeg berýän keteniler öwrenilmäge, ösdürilmäge we milli lybaslarymyzyň ajaýyp nusgasy hökmünde dünýä derejesinde wagyz we ykrar edilmäge mynasyp gymmatlygymyzdyr.

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Lybaslar – milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr” ady bilen geçirilen seminar maslahaty hem milli lybaslarymyzyň naýbaşysy hasaplanylýan türkmen ketenisiniň taýýarlanyş usullaryna, onuň medeni we taryhy ähmiýetine bagyşlanyldy.

Seminar maslahatyna ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden mirasy öwrenijiler, maddy däl medeni mirasyň görnüşleri barada maglumatlary toplamak we öwrenmek  bilen meşgullanýan wekiller, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zergär mugallymlary, talyplar, žurnalistler gatnaşdylar. Seminar maslahatynda milli lybaslarymyz, olaryň taryhy ähmiýeti, milli lybaslaryň keşde-nagyşlar bilen bezelişi, milli şaý-seplerimiz, olaryň bezeg aýratynlyklary barada täsirli çykyşlar edildi. Çykyş edenler halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklaryny öwrenmäge we wagyz etmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Mähriban Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.