LOWURDYSY GÜN MYSALY

Halkymyz milli mirasymyzyň bir bölegini düzýän ýüpekçilik bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Ýüpek önümleri ynsan saglygy üçin örän ýaramlydyr. Arassa ýüpekden öndürilen önümler tomsuň yssy günlerinde-de bedeni gyzdyrman, aram derejede saklaýar. Hünärmenler ýüpek önümleriniň adamyň ruhubelent bolmagyna, şadyýan ýaşamagyna hem oňyn täsirini ýetirýändigini anykladylar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen gelin-gyzlary owadanlygy hem-de nepisligi boýunça deňsiz-taýsyz ýüpek matalarynyň dürli görnüşlerini dokapdyrlar. Ýüpek matalaryň birnäçe görnüşleri bolupdyr.

Daraýy – erşi gyzyl, argajy ýaşyl, gyzyl-ýaşyl öwsüp duran syk dokalan ýuka ýüpek mata.

Çabyt – aýal-gyzlaryň eginlerine geýýän, başlaryna atýan gyrmyzydan tikilýän lybas, çabydyň iki öň ýakasyna apbasy, çapraz ýaly şaý-sepler hem dakylýar.

Alaça – tarada dokalýan ýüpek mata, aýal köýnekligi üçin gyzyl, gök reňkde bolup, gyrasy sary reňkde dokalýar.

Atlaz – owadan ýylpyldawuk, ýaldyrawuk ýüpek mata.

Gije-gündiz – erşi gök ýa-da ýaşyl, argajy gyzyl, tarada dokalýan gyrasaryly ýa-da kakma ýüpek mata.

Çyrpylyk – çyrpy tikmek üçin gerekli materiallar. Tarada dokalan sary, gyzyl, ýaşyl ýüpek mata.

Keteni – türkmen gelin-gyzlarynyň tarada ýüpekden dokaýan köýnek tikmek üçin niýetlenen milli matasy.

Göwderi – erşi gyzyl, argajy ýaşyl, gök ýa-da gara reňkli ýüpekden, aýal-gyzlara köýneklik üçin tarada dokalýan mata.

Gyrmyzy donluk – don tikmek üçin tarada dokalýan ýüpek mata.

Kakma gyňaç – tarada ýüpekden dokalýan aýallaryň nagyşsyz başdaňysy.

Mahmal – ýüzi ýumşak tüýjümek galyň ýüpek mata.

Panbarhat – ýukajyk, ýylmanak sütükli ýüpek mata.

Sowsany – erşi başaşa gyzyl we gara sapak bilen ýüwürdilýän, argajy iki gyzyl sapagyň gezekleşdirilip kakylmagy bilen dokalýan köýneklik mata. Sowsany ýüpekden we nahdan dokalýar.

Tirme guşak – iki gyrasy nagyşlanyp, seçelenip tarada dokalýan ýüpek guşak. Tirme guşagy ýaş ýigitler gyrmyzy donuň üstünden guşanýarlar.

Kesatym – aýal köýnekligi üçin nah gatyşykly ýa-da ýüpekden tarada dokalýan mata. Erşi, argajy gyzyl we gara sapagyň iki gezekden çalşyrylyp geçirilmegi bilen dokalýar.