KÜŞTDEPDINIŇ «DIWANASY»

Dilimizdäki sözleriň aglabasy biziň dürli many röwüşdäki edebi mirasymyzdyr. Bu ýagdaý ýüreklerimiziň şirin mukamyna öwrülip giden küştdepdilerimizde-de has şahyrana äheňde şöhlelenýär. Küştdepdi asyl köküni halk döredijiligimiziň has gadymky zikir žanryndan alyp gaýdýar. Zikriň «Küştdepdi» diýen ady «hüş» we «dep» sözlerinden ybaratdyr. Goşma adyň birinji bölegi haýwanlary, guşlary, şeýle hem kakyn-silkini kowmak, ürküzmek üçin ulanylýan «küş» ümlük sözündendir. Bu sözüň ahyrynda «t» çekimsiz sesiniň artdyrylmagy bilen emele gelen «küşt» hem «bermek» kömekçi işligi bilen utgaşyp gelende (küşt bermek ýa-da küştüni bermek) «birini kowmagy» aňladýar. Soň bu tebigy ýagdaý il arasynda dessura öwrülip, halk döredijilik derejesine baryp ýetipdir. Emma, zikriň ýaýran ýerlerinde ol birmeňzeş ýerine ýetirilmändir. Mazmunynda, görnüşinde, ýerine ýetirilişinde tapawut bolupdyr. Küştdepdiniň diwana görnüşi-de şolardan biridir. Diwana küştdepdisi bir aýakda bökülip depilýär. Diwana gazaly şeýleräk mazmuny özünde jemleýär:

 

 

Diwanalar kandadyr,

Kim çagyrsa şondadyr.

Bir ýazyksyz bendedir,

Molla bardyr diwana.

Diwanaň ýollaryndan,

Sagyndan, sollaryndan,

Öz obamdan gyz alsa,

Döneris gollaryndan.

 

Onuň diwana diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda bolsa düýpli sebäpler bar. Şygyr setirlerinden belli bolşy ýaly, zikriň bu görnüşi ir döwürlerde däli-diwanany sagaltmak, öňki kaddyna getirmek üçin ýörgünli bolupdyr. Bu söz Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde: «DIWANA [di:wa:na], 1. at, taryh. Gapy-gapy aýlanyp doga okap ýören. 2. syp. Akylyndan azaşan, däli, telbe» diýip berilýär

Irki döwürlerde akylyndan gidip, essi aýylan bendäni kaddyna getirmek üçin ýörite molla-porhan çagyrylyp, daşyndan aýlanylar eken. Onuň sagalmagy üçin bolsa, ýokardaky mazmunly zikirler aýdylyp, näsagyň hatyrasyna doga-dilegler ediler eken. Diýmek, ol ýa-da gaýry halk döredijilik eserlerimiz diňe bir şirin mukama öwrülen gazal bolmak bilen çäklenmän, eýsem olar adamzadyň durmuşy üçinem ähmiýeti bolan gymmatly milli mirasymyzdyr.