KÖP ÖWÜŞGINLI SERGI

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň suratkeşleriniň 2019-njy ýylyň «Türkmenistan –rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Rowaçlygyň Watanydyr diýarym!» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi guraldy.

Sergide rowaçlygyň Watany bolan Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösüşini, baý milli medeni mirasyny, geşmişi şöhratly taryhymyzy, gadymdan gelýän  däp-dessurlarymyzy  wasp edýän eserler goýlupdyr. Sergide suratkeşleriň 17-siniň gatnaşmagynda 40-dan gowrak sungat eserleri görkezilýär. Sergä hödürlenilen eserlerde hormatly Prezidentimiziň röwşen geljege nazarlaýan beýik işlerine guwanç, buýsanç duýgulary kalbyňy joşdurýar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri M.Gylyjowyň “Awazada şapak”, “Daşy ýaryp çykan çeşmeler”, “Hazar deňzi”,  ýaş suratkeşler A. Modyýewyň “Ak at”, “Bedew”, “Peýzaž”, “Dagly peýzaž”, A.Aşyrgeldiýewiň “Ýaz”, S.Pürliýewiň “Peýzaž”, “Deňiz”, “Jülge”, “Çüli” atly eserlerinde parahatçylykly, rowaçly Watanymyzyň dürli öwüşginli gözel tebigatyny, gamyşgulak ahalteke bedewlerimizi, göm-gök ýaýylyp ýatan deňzidir ala garly asuda daglarymyzy wasp edip döreden eserleri özüniň milli öwüşginlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Daşoguz welaýatyndan gatnaşýan O.Öwezow   “Baýyrlyk”, “Oba”, “Arassa asman”, “Tolkun” atly eserlerini oba adamlarynyň durmuşyna, il-günüň bagtyýarlygyna bagyşlapdyr.

Mahlasy, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde guralan bu sergi oňa gelýänleriň kalbynda ýatdan çykmajak täsir galdyryp, milli mirasymyza bolan çäksiz buýsanjy döredýär.