KOMPOZITORLARYŇ DÖREDIJILIGI

NURY HALMÄMMEDOW

Milli we Ýewropa däplerine esaslanan Nury Halmämmedowyň sazy XX asyryň klassyk nusgalaryna degişli. Onuň döredijilik mirasy bakylyga ymtylýan üýtgeşik baý ruhy dünýädir. Ol halk aýdym-sazlaryna çuňňur hormaty, halk bagşy-sazandalarynyň sungatyna bendiligi, uly nesliň ussatlarynyň döredijiligine hormat-sarpany özünde jemleýän giden bir umman. Nury Halmämmedowyň döredijiligi, türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň bir bölegi bolmak bilen, munuň özi geçmişi, häzirki döwri we geljegi öz arasynda baglaýan uly ruhy güýçdir.