KITAPHANALARYŇ IŞINI ÝOKARLANDYRMAK UGRUNDA

Garaşsyz ýurdumyzda kitaphanalara we kitaphana işine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli kitaphanalarda alnyp barylýan köpugurly işleri kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, kitaphanalarda IT tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň içinde hereket edýän Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini işjeňleşdirmek we kitaphana işiniň döwrebap ýola goýulmagyny has-da ilerletmek ugrunda döwlet ähmiýetli aladalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Döwlet kitaphanasyna barmagy kitaphana işini mundan beýläk-de ýokary derejede guramak üçin täze badalga boldy. Häzirki wagtda kitaphanalara barýan okyjylaryň sany günsaýyn artýar, esasan-da talyp ýaşlaryň okuwdan daşary kitaphanalara barmaklary üçin mümkinçilikler döredilýär.

Döwlet kitaphanasynda täze döredilen kitaplaryň Sergi merkeziniň ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny kitaphana çekmekde ähmiýeti uly boldy.